Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Üpjünçiligi pes hojalyklaryň agzalary naharlanmak üçin toýhanalara aýlanýar

Türkmenistanda ejiz gatlaga zarba urýan ykdysady kynçylyklar dowam edýän mahaly, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda toý mekanlaryna agşamlyk edinmäge barýan çagyrylmadyk myhmanlary synlasa bolýar.

Toý dabaralary geçirilýän restoranlar, toýhanalar soňky wagtlarda eli ýuka maşgalalaryň, biçäre naçarlaryň agyr şertlerde aman galmak tagallalarynyň nyşanasyna öwrülýär.

Eklenjini ýitiren bir naçar zenan kämillik ýaşyna ýetmedik üç çagasy bilen agşamlyk tama edip, toýhanalardan haraý gözleýär.

Ol öz maşgalasynyň ekleýjisiniň, adamsynyň birnäçe ýyl mundan ozal türme tussaglygyna höküm edilendigini, onuň häzirki wagtda Lebap welaýatynda ýerleşýän bir türmede saklanylýandygyny gürrüň berýär.

“Mende başga çykalga galmady. Çagalarymy eklemäge, çörek satyn almaga ýagdaýym ýok. Üç çaganyň kakasy häzir Lebapda türmede saklanýar. Biz hem naharlanmak üçin çagalar bilen toý mekanlaryna, restoranlara we sadaka jaýlaryna aýlanýarys” diýip, zenan maşgala Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Türkmen däp-dessurlaryna laýyklykda häzirki zaman toý dabaralary köp adamly bolýar. Toýhanalar köplenç myhmanyň çakylygyna seretmeýär. Toý saçagy köplenç näz-nygmata baý bolýar, toý eýeleri myhmanlara hezzet-hormat edýär. Toý jaýyna barýan myhmanlaryň çagyrylandygyna ýa-da däldigine, ýa-da olaryň tanyş adamlardygyna ýa-da nätänyş adamlardygyna köplenç halatda üns berilmeýär. Ýöne halk paýhasy çagyrylmadyk ýere barylmagyny kabul ederliksiz hereket hökmünde wagyz edýär.

Ýöne ejiz gatlaga zarba urýan ykdysady kynçylyklar eli ýuka maşgalalary ilat arasyndaky kabul ederliksiz hereketleri kabul etmäge iterýär.

“Toý eýesi gurply maşgala bolsa, hezil edip, çagalarymyz bilen iýip-içýäris; apelsin, alma, banan ýaly gök önümlerden, süýji-kökelerden plastik paketlara salyp, ýanymyz bilen alyp hem gaýdýarys” diýip, ýalňyz ene gürrüň berýär.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, hususan-da, üpjünçiligi pes maşgalalara zarba urýar. Türkmen mediasy ýurtda ilatyň durmuş goraglylygynyň kepillendirilendigini aýdýar. Türkmen hökümeti ejiz gatlagy goramaga gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilendigini aýdýar. Şeýle-de, döwlet kömek pullary bilen üpjünçiligi pes maşgalalara hemaýat berilýändigi aýdylýar. Ýöne döwlet kömek pullary, hatda ilatyň zähmet haklary bazarlarda dowam edýän gymmatçylyk bilen bäsleşip bilmeýär. Hususan-da, käbir maşgalalarda aýallar we çagalar garyplygyň pidasy bolýar.

Ýurtda dowam edýän giň ýaýran işsizligiň hem-de ykdysady kynçylyklaryň arasynda eklenç çeşmesini ýitiren hojalyklar güzeran aýlamagyň agyrlaşandygyny aýdýarlar.

Baýramalyda iýgi-içgi gözleginde çagalary bilen toýhanalara aýlanmagy endik edinen zenan maşgala soňky wagtlarda käbir toý restoranlaryň eýeleriniň özlerini tanap başlandygyny aýdýar.

“Toý eýeleri bizi tanamaýar, myhmandyr öýdýärler, şonuň üçin hiç zat diýmeýärler. Ýöne toý dabaralary geçirilýän restoranlaryň eýeleri we işgärleri indi bizi tanap başladylar. Olaryň käbirleri bizi içeri girizmän kowup goýberýärler” diýip, zenan maşgala aýdýar.

Ýöne ol muňa garamazdan toýhanalardan haraý gözlemegi bes etmeýär.

“Biz girip bilmeýän toý mekanlarymyzyň daşynda toý gutarýança garaşýarys. Toý gutaryp, iýmit önümlerini restorandan çykaryp alyp gitmekçi bolanlarynda, elimizdäki plastiki paketlerimizi uzadyp, iýer ýaly bir zat beräýiň diýip, haýyş edýäris. Şeýle edýän adamlar köp” diýip, zenan maşgala gürrüň berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda dilegçilige ýüz urýan adamlar, köçelerde el serýän çagalar we beýlekileri barada yzygiderli habar berip gelýärler.

Döwlet media serişdeleri we elektron neşirler üpjünçiligi pes hojalyklaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, ykdysady ýagdaýy pes hojalyklaryň agyr durmuş şertleri barada asla habar bermeýär. Hökümet resmileri ykdysady kynçylyklaryň hakyky gerimini aç-açan boýun almaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о роли несырьевого экспорта в российской экономике

ТАСС: силовики провели обыски в Москве и Краснодаре по делу Кузнецова

От сварки до сборки. Завод «Москвич» перешёл на технологию полного цикла

Создатель батальона "Вега" Панфёров обратился к новому министру обороны России

Музыкальные новости

Мультфильм «Пушистый вояж» выйдет в прокат при поддержке Детского радио

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Валюта вышла из моды // Снижение волатильности и санкции сдерживают спрос

Звезды спорта. Кто они такие и почему их так называют?

Новости России

На телефонных и кибермошенников можно пожаловаться в полицию Подмосковья

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о грантовых конкурсах Росмолодежи

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о роли несырьевого экспорта в российской экономике

Создатель батальона "Вега" Панфёров обратился к новому министру обороны России

Экология в России и мире

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Оксана Федорова представила на выставке-форуме «Россия» премьеру фильма «Петербург Шаляпина и Рахманинова»

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!

Спорт в России и мире

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Без защиты: как Медведев и Хачанов проиграли свои матчи в Риме

Хачанов вышел в третий круг турнира ATP в Риме

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме

Moscow.media

Артисту оркестра ОМОН «Авангард» ГУ Росгвардии по г. Москве Алексею Огурцову присвоено звание «Почетный деятель искусств города Москвы»

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Патриотическую акцию «Синий платочек» провели в Нижнем Новгороде в день прибытия «Поезда Победы»

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *