Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Jaý nobatyna duran lebaplylara 'hossarlarynyň Türkiýededigi sebäpli' zerur kepilnama berilmeýär

Jaý nobatyna duran lebaplylara 'hossarlarynyň Türkiýededigi sebäpli' zerur kepilnama berilmeýär

Lebabyň Türkmenabat şäherinde döwletden mugtuna jaý almak üçin nobata duran maýyplaryň we çagalaryny ýeke ekleýän eneleriň hossarlaryna jaý nobatynda saklanmak üçin zerur bolan kepilnama berilmeýär. Resmiler munuň sebäbini maýyplaryň we çagalaryň ýanynda kanuny hossarlarynyň ýaşamaýandygy bilen düşündirýärler. Hossarlar maýyplaryň we çagalaryň ene-atalarynyň, ýagny kanuny hossarlarynyň eklenç gözleginde Türkiýä gidendigini aýdyp, resmilere nägilelik bildirýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýagdaýlary başdan geçirýän ýaşaýjylaryň, şol sanda maýyplaryň we olaryň hossarlarynyň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy.

“Jaý nobatyna duranlaryň onlarçasy Türkmenabatdaky Himiýa zawodunyň we Dokma fabriginiň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýar. Häzir şäher häkimligi bu raýatlaryň we olaryň kanuny hossarlarynyň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýandygy baradaky kepilnamany ýylda iki gezek tabşyrmagy we jaý nobatyny tassykladyp durmagy talap edýär” diýip, ýagdaýlardan habarly ygtybarly çeşmämiz aýtdy.

Ýöne jaý nobatyna duran raýatlaryň hossarlarynyň ençemesi umumy ýaşaýyş jaýlarynyň jogapkär resmileriniň özlerine bu kepilnamany bermekden ýüz öwürýändigini aýdýar. Olar munuň sebäbini maýyplaryň we çagalaryň kanuny hossarlarynyň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamaýandygy bilen düşündirýärler.

“Häzir umumy ýaşaýyş jaýyndaky köp çaganyň ejesi ýa kakasy Türkiýede zähmet çekýär. Olar çagalaryny doganlaryna ýa-da ene-atasyna goýup gitdiler. Çagalarymyz öz perzentlerini we bizi eklemek üçin ýat ýurtda zähmet çekýärler. Ýöne resmiler çagalaryň kanuny hossarlary hakykatdan hem umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan bolsalar kepilnama berjek, ýogsam berjek däl diýip, ony bermekden boýun gaçyrýarlar. Olar bizi, ýagny çagalaryň ene-atasyny, mama-babasyny hossar hasaplamaýarlar” diýip, Türkiýede zähmet çekýän gyzynyň çagalaryna seredýän 60 ýaşlaryndaky lebaply ene aýtdy.

Türkmenistanda alty ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ýurt raýatlarynyň müňlerçesi gazanç gözleginde Türkiýä gitdi. Köp raýatyň öz çagalaryny mama-babasyna goýup gitmäge mejbur bolýandygy barada ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarymyz onlarça gezek habar berdiler.

Bu aralykda, şäher häkimliginiň wekilleri, jaý nobatyna duran raýatlaryň hossarlarynyň sözlerine görä, kepilnamany tabşyrmadyk raýatlaryň jaý nobatyndan çykaryljakdygyny duýdurýarlar.

"Jaý nobatyna duranlaryň arasynda 10 ýyla golaý wagt bäri nobatynyň ýetmegine garaşýan raýatlar bar. Häzir olar onýyllygyň dowamynda edip gelýän arzuwlarynyň puja çykmagyndan aladalanýarlar" diýip, lebaply ene belledi.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenabadyň häkimligi we gürrüňi edilýän umumy ýaşaýyş jaýlarynyň resmileri bilen habarlaşyp, kommentariý almak synanyşyklary başa barmady.

Lebapdaky habarçymyz umumy ýaşaýyş jaýlaryndaky ýaşaýyş şertleri barada hem maglumat berip, olaryň her birinde iki sany ýaşaýyş korpusynyň, onlarça otagyň bardygyny aýtdy.

“Her otagda bir maşgala ýaşaýar. Umumy ýaşaýyş jaýlarynyň her korpusynda bir hajathana, bir hammam, bir naharhana bar. Maşgalalaryň ählisi şol bir hajathanadan, hammamdan we naharhanadan peýdalanýar. Bularyň abatlaýyş işleri ýaşaýjylaryň hasabyna amal edilýär. Şeýle-de olar üçin zerur bolan serişdeler hem ýaşaýjylaryň hasabyna satyn alynýar. Şertler örän gözgyny. Bu ýerdäki her bir maşgala jaýa mätäç” diýip, umumy ýaşaýyş jaýynyň bir ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda maýyplygy bolan adamlar we çagalaryny ýeke ekleýän eneler babatynda "aýratyn alada edilýändigini" wagtal-wagtal tekrarlaýarlar. Muňa garamazdan, olaryň ýaşaýyş jaý üpjünçiliginiň ýagdaýy köpýyllyklaryň dowamynda ýaramaz bolmagynda galýar.

Geçen ýylyň aprelinde maýyplygy bolan lebaplylaryň ençemesi döwlet tarapyndan özleri üçin ýaşaýyş jaýlarynyň ýeterlik gurulmaýandygyny we jaý almak üçin duran nobatlarynyň hiç hili öňe süýşmeýändigini gürrüň berdiler.

Türkmen häkimiýetleri maýyplygy bolan adamlaryň we çagalaryny ýeke ekleýän eneleriň sany, olaryň näçesiniň ýaşaýyş jaýyna mätäçdigi baradaky maglumatlary köpçülige mälim etmeýärler.

Ýatlatsak, prezident Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň 19-njy martynda geçirilen inaugurasiýa dabarasynda eden çykyşynda her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmegiň özüniň esasy aladalarynyň biri boljakdygyny aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Суд арестовал по делу о взятке кадровика Минобороны Кузнецова Мартиросяна

Проект «Московское долголетие» открыл свыше 600 групп по вокалу в столице

NHK: В Японии наблюдается рекордный рост заражения гемолитическим стрептококком

27-летнюю «Волгу» с пробегом 6000 км в идеальном состоянии оценили дешевле 1 млн рублей

Музыкальные новости

Дмитрий Бикбаев готовит премьеру театрального проекта, основанного на личных переживаниях

Таунхаусы в Подмосковье за год подорожали в среднем на 6% — до $258,9 тыс

Армяне в Великой Отечественной войне: Иван Георгиевич Магакьян

Звезды спорта. Кто они такие и почему их так называют?

Новости России

​Вице-премьер РФ рассказал о ходе строительства новой федеральной трассы в Пермском крае

27-летнюю «Волгу» с пробегом 6000 км в идеальном состоянии оценили дешевле 1 млн рублей

Капсула Invisible: бесшовное белье, которое подчеркивает красоту линий тела. Невесомость в каждом движении

Суд арестовал по делу о взятке кадровика Минобороны Кузнецова Мартиросяна

Экология в России и мире

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Оксана Федорова представила на выставке-форуме «Россия» премьеру фильма «Петербург Шаляпина и Рахманинова»

Спорт в России и мире

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Медведев вышел в четвертый круг "Мастерса" в Риме

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Moscow.media

Осень в Хибинах...

Китайский кроссовер чуть не сжёг своего владельца

Дети из Узбекского землячества Бурятии увидели театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Голосовой робот самостоятельно консультирует более 60% всех обращений граждан в ЕКЦ Минздрава Мурманской области







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *