Bakuwda ýene bir žurnalist tussag edildi
Azerbaýjan häkimiýetleri garaşsyz “Abzas Media” habarlar web sahypasynyň ýene bir žurnalistini tussag etdiler.
Hukuk toparlary munuň korrupsiýanyň ýok etmäge gönükdirilen žurnalismden ar alyň çäresi bolandygyny aýdýarlar.
"Abzas Media" 21-nji noýabrda neşiriň baş redaktory Sewinç Wakifkyzynyň öten agşam Bakuwdaky uçar menzilinde, Azerbaýjana gelen badyna tussag edilendigini, polisiýanyň onuň öýüni we ofisini dökendigini aýtdy. Şondan bir gün öň “Abzas Medianyň” müdiri Ulwi Hasanly hem şuňa meňzeş şertlerde tussag edilipdi.
Hasanly 20-nji noýabrda, öz öýüniň golaýynda tussag edildi. Polisiýa işgärleri onuň öýüni we “Abzas Mediadaky” ofisini döküp, ol ýerden 40 000 ýewro (43,800 dollar) möçberindäki nagt puly tapandygyny öňe sürdi. Hasanly bu pullary ozal hiç wagt görmändigini aýtdy.
“Abzas Media” polisiýanyň edara jaýyndan tapandygyny aýdýan nagt pullarynyň Hasanla we habar beriş serişdelerine bildirilýän aýyplamalary kanuny taýdan esaslandyrmak üçin taşlanandygyny aýtdy.