Türkmenistan Azerbaýjana ýüzlerçe müň dollarlyk ýüplük satdy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) ikinji gün geçiren söwdalarynda azerbaýjanly işewürler 1 million 53 müň 722,59 ABŞ dollaryna durýan nah ýüplügi satyn aldylar diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Gyrgyzystandan gelen telekeçiler bolsa, 51 müň 750 ABŞ dollaryna Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen žakkard sütükli önümleri satyn aldy.
Türkmen metbugaty daşary ýurtly işewürleriň ýurduň gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen pagtadan öndürilýän önümleri satyn alyşlary barada yzygiderli habar berýär.
Döwlet haryt-çig mal biržasy geçen hepde Türkiýäniň, BAE-niň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileriniň ýorgan-düşek toplumlaryny, nah mata we ýüplük satyn alandygyny habar berdi.
Hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetlerini pagta ýygymynda mejbury zähmeti giňden ulanmakda tankyt edýärler.
Hökümet tankytçylary bolsa, döwlet biržasynda edilýän söwdalardan gelýän millionlarça dollaryň oba, etrap ýerlerinde ýaşaýan adamlaryň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna ýetirýän peýdasynyň azdygyny öňe sürýärler.