Ysraýyl, ABŞ: Gazadaky zamunlar bäşinji günden bärde goýberilmez
ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas topary bilen Ysraýylsyň arasynda baglaşylan wagtlaýyn ýaraşyk esasynda zamun alnanlaryň boşadylmagy 24-nji noýabrdan bärde amala aşyrylmaz diýip, Ysraýylyň milli howpsuzlyk geňeşçisi we ABŞ aýtdy.
Bu habar zamunlaryň garyndaşlarynyň tussaglaryň käbiriniň 23-nji noýabrda boşadylmagyna baglan umytlaryny puja çykardy.
Ýaraşygyň we zamun alnanlaryň boşadylmagynyň azyndan bir gün yza süýşürilmegi bilen, Gazadaky uruş 23-nji noýabrda hem gowşamady.
Wagtlaýyn ýaraşygyň başlanýan wagty we zamun alnanlaryň haçan boşadyljakdygy entek resmi taýdan yglan edilmedi.
Ikinji gün, birnäçe hepde dowam eden uruşdan soň, iki tarapyň arasynda dört günlük ýaraşyk baglaşyljakdygy habar berildi.
Hamas toparynyň Ysraýyl bilen gelen ylalaşygy Gaza zolagyna azyndan dört günläp kömek getirilmegine we söweşijiler tarapyndan zamun alnan adamlaryň azyndan 50 sanysynyň Ysraýylyň türmelerinde saklanylýan palestinaly tussaglaryň azyndan 150 sanysy bilen çalşylmagyna ýol açýar.