Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Guraklykdan ejir çekýän ýolötenli çopanlar mallaryň köpçülikleýin gyrylmagyndan aladalanýarlar

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň maldarlary gurakçylykdan ejir çekýärler. Çopanlar soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän gurakçylyk zerarly emele gelen ot-iým ýetmezçiliginiň mallaryň köpüsiniň aşa horlanmagyna getirýändigini belläp, olaryň köpçülikleýin gyrylmagyndan aladalanýarlar. Käbir mal eýeleri mallarynyň haram ölmeginden howatyrlanyp, olary arzan bahadan satmaga çalyşýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 23-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.

“Biz mundan öň mallary bakmak üçin Ýolötenden daşary çykmazdyk. Bir öri meýdandan beýlekisine süýşüp, mallary bir mydar bakardyk. Ýöne şu ýyl mal bakmak üçin etraplarymyzy çalyşmana mejbur bolduk. Men we başga-da ençeme çopan etrabymyzyň öri meýdanlarynda ot ýokdugy zerarly Garagum etrabyna göçmeli bolduk” diýip, ýolötenli çopan anonim şertde habarçymyz gürrüň berdi.

Sebitiň öri meýdanlarynda aýlyk töleg esasynda mal bakmak hyzmatlaryny hödürleýän çopanlar bu etrabyň çöl meýdanlarynda hem ot-iýmiň azdygyny, onuň ýakyn günlerde gutarmagynyň gaty ähtimaldygyny aýdýarlar.

“Ot-iýmiň azlygy sebäpli mallar hor gölejiklerini emdirmek üçin hem süýt ýygnap bilmeýärler” diýip, çopan belledi.

Çopanlar çöl meýdanlarynda gurakçylygyň güýçlenýän mahaly, bazarlarda ot-iýmiň öňküler ýaly tapdyrmaýandygyny hem aýdýarlar.

“Mekgejöweniň otuny üwedip, 1 tirkegini 400 manatdan satýarlar. Köp çopan başga çykalga tapman, şony satyn almaly bolýar. Ýöne onam mallar iýmeýärler, gaty görýärler. Biz häzir ýagdaý şeýle bolsa, gyşda nähili bolarka diýip, häzirden gyşdan nädip çykjagymyzy alada edýäris” diýip, ýolötenli çopan aýtdy.

Bellesek, mal eýeleri özleriniň iri ýa-da ownuk şahly mallaryny öri meýdanlara eltip, çopanlara tabşyrýarlar. Çopanlar bolsa töleg esasynda mallara ideg etmek jogapkärçiligini öz üstüne alýarlar.

“Mal eýeleriniň arasynda öz mal-garalarynyň horlanyp, köpçülikleýin haram ölmeginden alada edip, olary arzan bahadan satmaga çalyşýanlar hem bar” diýip, çopan belledi.

Habarçymyz gurakçylygyň diňe maldarlary däl, eýse ekerançylary hem aladalandyrýandygyny habar berýär.

Ýeri kärendesine alan daýhanlaryň ençemesi ekin meýdanlarynda bugdaýyň suwsuzlykdan boý alyp bilmeýändigini aýdýarlar.

“Ýaplarda suw ýok. Ýagyn, ygal ýaganok. Köp ýerde bugdaý asla gögerip bilmedi” diýip, ýolötenli kärendeçi aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň häkimiýetlerinden, şol sanda etrabyň oba hojalygy bölüminden kommentariý alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dürli sebitleri gurakçylykdan, tozanly ýellerden, anomal yssy ýa-da aşa sowuk howadan ejir çekýär. Çopanlar bu tebigy faktorlaryň öri meýdanlara ýiti täsir edýändigini, çöl meýdanlarynda ot-çöpüň azdygyny yzygiderli aýdyp gelýärler.

Şu ýylyň başynda ýurduň dürli sebitlerinde aşa sowuk gelen gyş iri we ownuk şahly mallara agyr zarba urdy. Şonda Ahal, Balkan, Mary we Lebap welaýatlarynda iri we ownuk şahly mallaryň aşa sowuk howada haram ölýändigi, guşçulyk hojalyklarynda towuklaryň keteklerde sowukdan doňup galýandygy barada aladaly habarlar gelip gowşupdy.

Maryly çarwadarlar öri meýdanlardaky doňaklykda mallary goşmaça ot-iým we suw bilen üpjün edip, olaryň haram ölmeginiň öňüni almaga çalyşýandyklaryny gürrüň berdiler.

Geçen ýylyň tomsunda bolsa, Türkmenistanda howanyň aşa gyzmagy netijesinde Maryda iri we ownuk şahly mallaryň köpçülikleýin haram ölýändigi mälim boldy.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň oba hojalygy pudagynyň, şol sanda maldarçylygyň ösdürilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýarlar. Ýöne olar ýurtdaky gurakçylyk, ot-iým ýetmezçiligi we munuň maldarlara ýetirýän täsirleri barada hiç hili gürrüň gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Чем запомнился журналист Максим Кононенко и от чего он умер?

Kорейская группа осталась в восторге от русского хлеба

Синоптики сообщили о теплой и сухой погоде в Москве 15 мая

Росатом будет развивать отношения с другими странами в сфере атомной энергетики, несмотря на запреты США

Музыкальные новости

Армяне в Великой Отечественной войне: Иван Георгиевич Магакьян

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о роли несырьевого экспорта в российской экономике

Гол Чалова с пенальти принес ЦСКА победу над "Зенитом" в чемпионате России

Новости России

Путин: РФ и КНР наладят более тесное взаимодействие в инновационных отраслях

Kорейская группа осталась в восторге от русского хлеба

В Москве задержаны два хирурга клиники Тимура Хайдарова

Второй приговор вынесли экс-главе Анабарского района

Экология в России и мире

Оксана Федорова представила на выставке-форуме «Россия» премьеру фильма «Петербург Шаляпина и Рахманинова»

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Спорт в России и мире

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Потапова проиграла Остапенко во втором круге турнира WTA 1000

Moscow.media

«Байкал Сервис» открыл новый терминал площадью почти 4500 кв. м на юго-востоке Москвы

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Портативный ТСД корпоративного класса Saotron RT-T70







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *