Türkmenistanda Mejlisiň maslahaty geçirilýär
25-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty geçiriler diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Maslahat ir sagat 10:00-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda başlanar, deputatlary bellige almak işi sagat 9:00-da başlanar diýip, habarda aýdylýar.
Türkmenistanda kanun çykaryjylaryň geçirýän maslahatlary açyk, göni efirde görkezilmeýär we deputatlar ara alnyp maslahatlaşylan meseleler, kabul edilen kararlar barada umumy gürrüň edip, anyk zatlary, başga pikirleri aýtmakdan saklanýarlar.
Hökümet tankytçylary türkmen Mejlisini ‘jübi parlamenti’ diýip atlandyrýarlar we onuň agzalarynyň diňe häkimiýetler tarapyndan rugsat berlen sözleri gaýtalamaly bolýandygyny, öz pikirlerini aýdyp bilmeýändigini, öz pikiri bolan adamlaryň saýlawlara goýberilmeýändigini öňe sürýärler.