Aşgabatda ‘Kitap şüweleňi’ geçirilýär
Türkmen metbugaty Aşgabatda birnäçe güne çekjek “kitap şüweleňiniň” geçirilýändigini habar berýär.
21-25-nji noýabrda “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde boljak şüweleň çagalarda kitaba söýgi döretmek maksady bilen guralýar.
Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, şüweleňiň dowamynda halk köpçüligine ýetiriljek kitaplaryň arasynda “türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary esasynda taýýarlanylan ertekili kitaplar hem” bolar.
Habarda aýdylmagyna görä, şüweleňde kitap ýarmarkasy guralar, Gurjak teatrynyň taýýarlan sahna eserlerinden bölekler görkeziler, “light show, görkezme futbol çykyşlary, robotatehnika, mental show, sirk şüweleňi, multfilm” tomaşalary bolar.
Türkmenistan soňky onýyllyklarda diňe döwlet baştutanynyň adyndan çap edilýän kitaplaryň monopolisiýasyny döredip, şahsyýet kultuna hyzmat etmeýän ýazyjy-şahyrlaryň garşysyna dilden girizilen gara sanawlary ulanmakda tankyt edilýär.
Mundan başga, döwlet ýolbaşçylary ýurtda tanalan ýazyjy-şahyrlaryň, sungat, ylym wekilleriniň ýaş toýlary, ölümi baradaky habarlara hem berk gözegçilik edýärler.
Şeýle-de, metbugatda ulanylýan senzura kitaplar, edebiýat baradaky dürli pikirleriň, çekişmeleriň öňüni baglady, sowet döwründäki talaplar esasynda ýazylan eserlere, soňky döwürdäki synanyşyklara töwerekleýin, çynlakaý baha berilmezligi pikir-düşünjäniň giňelmegine hyzmat etmeýär diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän ýazyjylar aýdýar.
Olaryň pikiriçe, bu ýagdaý ýurtda kitap bazarynyň örän daralmagyna, maşgalalarda kitaba bolan hormat-sylagyň we islegiň pese gaçmagyna, kitap okaýan ýaşlaryň örän azalmagyna alyp geldi.
Emma ýurtdaky ýapyklyk syýasaty Azatlygyň habarçylarynyň çap edilýän kitaplar, olaryň garşylanyşy, gadagan edilen ýazyjylar diýilýänler barada maglumat toplamagyna we soňky otuz ýylda kitap bilen okyjylaryň arasynda dörän ýagdaýa anyk baha bermegine böwet bolýar.