ABŞ-da Jorj Floýdyň ölümi boýunça günäli tapylan ozalky polisiýa ofiserine türmede hüjüm edildi
ABŞ-da Jorj Floýdy öldürmekde günäli tapylan öňki polisiýa ofiseri Derek Çauwine Arizonodaky türmede hüjüm etdiler. Bu ýagdaýy Minnesotanyň baş prokurory Keith Ellison 25-nji noýabrda tassyklady.
AP habar agentligi 47 ýaşly Çauwiniň pyçaklanandygyny we agyr ýaralanandygyny habar beripdi.
Çauwin Floýdyň raýat hukuklaryny bozmak aýyplamasy bilen 21 ýyl federal türme tussaglygyna höküm edildi. Şeýle-de Minnesota ştatynyň sudunyň karary esasynda oňa adam öldürmek aýyplamasy bilen ýene-de 22.5 ýyl tussaglyk berlipdi.