Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ysraýyl we Hamas ýaraşygyň ahyrky gününde onuň möhletini uzaltmaga açyk ýaly bolup görünýär

Ysraýyl we Hamas ýaraşygyň ahyrky gününde onuň möhletini uzaltmaga açyk ýaly bolup görünýär

Ysraýyl we ABŞ, ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kesgitlenen Hamas Gazada iň ganly we iň weýrançylykly urşy togtadan, ýöne duşenbe gününden soňra möhleti tamamlanmaly ýaraşygyň möhletini uzaltmaga açyk ýaly bolup görünýär. Olar günüň ahyrynda jeňçileriň golastyndaky zamunlar bilen Ysraýyl tarapyndan tussag edilen palestinalylary dördünji gezek alyşmagy meýilleşdirýär.

Ysraýyl boşadylan her 10 zamun üçin ýaraşygy bir gün uzadyp biljekdigini aýtdy. Hamas hem anna güni güýje giren dört günlük ýaraşygyň möhletini uzaltmagy umyt edýändigini aýtdy.

Biraz öň, Ysraýyl we Hamas boşadylmaly adamlaryň sanawy babatynda alada bildirdiler.

Ysraýyl we Hamas 27-nji noýabrda boşadylmaly ysraýylly zamunlaryň we palestinaly tussaglaryň sanawy babatynda alada bildirdiler diýip, bu ýagdaýdan habarly edilen katarly bir resmi “Roýterse” aýtdy. Ol meseläni çözmek üçin hem-de gijikmeleriň öňüni almak üçin katarly araçylaryň Ysraýyl we Hamas bilen işleşýändigini aýtdy.

Ýaraşygyň öňki üç gününde, Ysraýyl özüniň türmeden boşadýan palestin aýallarynyň we ýetginjekleriniň sanawyny berdi. Hamas hem özüniň boşatjak ysraýylly asuda zamunlarynyň sanawyny 12 sagat öňünden bermelidi.

Bu aralykda, Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejeli daşary syýasat resmisi Josep Borrel Gaza zolagynda 28-nji noýabrda tamamlanjak ýaraşygyň möhletiniň uzaldylmagyna çagyrdy.

“Syýasy çözgüt ugrunda işlenilýän mahaly, säginmäni durnukly we dowamly etmek üçin, onuň möhleti uzaldylmaly” diýip, Borrel Ortaýer birleşiginiň Barselonada geçirilen duşuşygynyň başynda aýtdy.

Ysraýylyň türme gullugy Ysraýyl we Hamas arasyndaky ýaraşyk ylalaşygynyň şertlerine laýyklykda 26-njy noýabrda 39 palestinaly tussagy boşadandygyny aýtdy.

Biraz öň, 26-njy noýabrda Kataryň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary 39 palestinalynyň boşadyljakdygyny aýtdy.

Katar Ysraýyl bilen ekstremist toparyň arasynda 24-nji noýabrda başlanan dört günlük ýaraşyk ylalaşygyny gazanmak üçin, Birleşen Ştatlaryň hem-de Müsüriň goldawy bilen, birnäçe hepdeläp güýçli depginde gepleşik alyp bardy.

Hamas şu wagta çenli üç tapgyr zamun boşatdy. Söweşijiler 26-njy noýabrda ýene 17 zamun, şol sanda 14 ysraýyllyny we ilkinji amerikalyny boşatdy. Şeýlelikde, ABŞ prezidenti Jo Baýdeniň möhletiniň uzaldylmagyna umyt bildiren dört günlük ýaraşyk ylalaşygynyň çäklerinde üçünji gezek zamunlar boşadyldy.

Baýden boşadylanlaryň arasynda ekstremist toparyň 7-nji oktýabr hüjümlerinde ata-enesi öldürilen 4 ýaşly çaganyň bardygyny aýtdy. Zamunlaryň biri, uly ýaşly bir aýal ysraýyl keselhanasyna uçar bilen alnyp gidildi.

Hamas 25-nji noýabrda 13 ysraýylly zamuny we dört taýland raýatyny Halkara gyzyl haja tabşyrdy diýip, katarly resmiler aýtdy. Şol gün, irki planlara laýyklykda birnäçe sagat ir bolup geçmeli alyşma Hamas tarapyndan gijikdirildi, ýöne soňky minutlarda katarly we müsürli araçylar iň soňky päsgelçilikleriň aradan aýrylandygyny aýtdy. Telewideniýede Gyzyl haç ulaglarynyň Rafah serhet geçelgesinden Müsüre girişi görkezildi. Ysraýyl häkimiýetleri soňra alty ysraýyl zenanynyň we ýedi çaganyň boşadylandygyny tassyklady. Hamas ilkibaşda ýedi sany daşary ýurt raýatynyň hem boşadylandygyny aýtdy, ýöne katar resmileri bu sanlary soňra gaýtadan gözden geçirip, dört daşary ýurtlynyň boşadylandygyny aýtdy.

Dört günlük ýaraşyk ylalaşygynyň çäklerindäki tussag alyş-çalyşmalarynyň birinji tapgyrynda, Hamas 24-nji noýabrda 24 zamun boşatdy, Ysraýyl 39 palestinalyny tussaglykdan boşatdy.

Ysraýyl we Hamas ýaraşygyň dördünji gününe çenli üç gezek tussaglary we zamunlary alyşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

По делу генерала МО Кузнецова проведены обыски сразу по нескольким адресам

Путин рассказал, что регулярно созванивается с Си Цзиньпином с 2010 года

Дадут за курить: штрафовать за мелкие нарушения планируют с помощью камер

Кто такой Антон Алиханов, который возглавил российскую промышленность?

Музыкальные новости

Бурятский госцирк представил новое руководство: Театр и цирк, Россия и культура, дети

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

Полезные приложения для поклонников спортивной ходьбы

Пензенская область вошла в число 10 регионов, где «Пятерочка» и Российский Красный Крест запустили пилотный проект «Уголки здоровья»

Новости России

В СМИ рассказали о получении начальником кадрового главка МО взятки в виде коттеджа

По небольшому счету: в РФ хотят ввести стандарт допустимой доли расходов на ЖКХ

Обучающего зарабатывать блогера обманули мошенники на 150 тысяч рублей

«Нас могли дезинформировать»: в СМИ опровергли информацию о визите генерала Суровикина в Кремль

Экология в России и мире

Работники сервисного локомотивного депо (СЛД) «Чернышевск» филиала «Забайкальский» ООО «ЛокоТех-Сервис» заняли призовые места в соревнованиях Роспрофжел «Мы вместе»

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

Спорт в России и мире

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Калинская проиграла Свитолиной и не смогла выйти в 1/8 финала турнира в Риме

Медведев вышел в четвертый круг "Мастерса" в Риме

Moscow.media

Танцы с ветром....

Голосовой робот самостоятельно консультирует более 60% всех обращений граждан в ЕКЦ Минздрава Мурманской области

OpenAI готовит конкурента поисковику Google, но на базе ИИ

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *