Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda 10-a golaý köp gatly jaýyň ýaşaýjylary tas üç günläp suwsuz galdy

Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynyň 30-njy etrapçasynda ýene suw geçiriji turbalar ýaryldy. Munuň netijesinde köp gatly jaýlaryň ençemesinde ilatyň agyz suw üpjünçiligi tas üç günläp kesildi we ýyladyş ulgamlary işlemedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň paýtagtdan beren maglumatyna görä, ýaşaýjylaryň 22-nji noýabrda kesilen agyz suw üpjünçiligi 25-nji noýabrda öýländen soň dikeldildi.

“Üç güne golaý wagt suwsuz galan 10-a golaý köp gatly jaýyň ýaşaýjylary häkimiýetler tarapyndan goşmaça suw bilen üpjün edilmediler. Olar suw zerurlyklaryny özbaşdak çözmeli boldular. Ýaşaýjylar 500-600 metr uzaklykda ýerleşýän jaýlaryň birinji gatlarynda ýaşaýan ýaşaýjylardan haýyş edip, olaryň öýlerinden suw daşadylar” diýip, ýerli ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Bu ýagdaý käbir ýaşaýjylaryň sosial ulgamlarda öz nägileliklerini beýan edip, häkimiýetleri ýyllarboýy dowam edip gelýän problemalary düýpli çözmezlikde aýyplamagyna getirdi.

IMO messenjerinde paýlaşylan bir maglumatda ýaşaýjylaryň biri özleriniň ýene suwsuz galandygyny we bu barada häkimiýetleriň öňünden hiç hili duýduryş bermändigini aýtdy.

“‘Aşgabatagyzsuw’!!! Siz haçana çenli adamlaryň üstünden güljek? Biziň 30-njy etrapçamyzda yzygiderli suw kesilýär. Siziň adamlaryňyz jaýlara aýlanyp, hapa suw üçin tölegleri talap edýärler... Hatda siz adamlary goşmaça suw bilen üpjün etmek hem islemeýärsiňiz. Bu hyzmaty üpjün etmeli bölümiň hiç bir işgäri adamlar bilen kadaly gürleşmek hem islemeýär” diýip, ýaşaýjy belleýär.

Bejeriş işlerini geçiren “Aşgabatagyzsuw” kärhanasynyň abatlaýyş toparynyň ussalary ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeşlikde näsazlyga ulanyş möhleti bir eýýäm geçen turbalaryň çüýräp, hatardan çykmagynyň sebäp bolandygyny aýtdylar.

“Ussalar turbalaryň ýene ýarylmagynyň mümkindigini bellediler. Bejeriş işleri öňküler ýaly wagtlaýyn, ýagny ‘menden saňa barýança’ diýlişi ýaly bejerildi” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada agzalýan kärhanadan we etrap häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

1960-1970-nji ýyllarda gurlan etrapçada ýyladyş, lagym we suw geçiriji turbalaryň hatardan çykyp, ýarylmagy bilen bagly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Ýerli ýaşaýjylar, bir tarapdan, galyň diwarlary bolan kiçi otagly jaýlary gyşyna ýylatmagyň we tomsuna salkyn saklamagyň amatly we tygşytlydygyny aýdýarlar.

Beýleki tarapdan bolsa, olar jaýlaryň aşagyndaky turbalaryň azyndan ýarym asyr bäri çalşylmaýandygyny belläp, olaryň düýpli rekonstruksiýa mätäçdigini aýdýarlar.

“Ýaşaýjylar her aýda, käte her 10 günde bir gezek üç-dört günläp suwsuz ýa-da toksuz ýaşamaga mejbur bolýarlar. Lagym suwlary ýerzeminlere akmagyny dowam etdirýär. Ýaşaýjylar aýlap we ýyllap ýerzeminleri lagym suwlaryndan doly jaýlarda ýaşamaga mejbur bolýarlar” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Ýaşaýjylaryň bu barada ýerli häkimiýetlere yzygiderli edýän ýüzlenmeleri oňyn netije bermeýär.

Olaryň tassyklamagyna görä, resmiler hökümet meýilnamasynda bu etrapçadaky jaýlary ýykyp, olaryň deregine täze jaýlary gurmagyň göz öňünde tutulýandygyny we şol sebäpli bu sebite döwlet tarapyndan maliýe serişdesiniň goýberilmeýändigini aýdýarlar.

Agzalýan etrapçada ýerasty turbalaryň ýarylandygy barada Azatlyk şu aýyň başynda hem habar beripdi. Şonda ýyladyş turbalarynyň ýarylmagy netijesinde, ýaşaýjylaryň suw üpjünçiliginde we ýyladyş ulgamlarynda iki günläp bökdençlik emele gelipdi.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda döwrebap desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygy barada ýygy-ýygydan habar berýärler, ýöne öňden bar bolan etrapçalaryň ýaşaýjylarynyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalary barada hiç hili gürrüň gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Shot показал кадры вероятной взятки главному кадровику МО РФ

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

Замглавы ГИБДД Петербурга уверен, что передвижение СИМ по тротуарам нужно запретить

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Музыкальные новости

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Дети из землячества Узбекистана в Улан-Удэ стали зрителями театр кукол «Ульгэр»: Россия и Культура

Полезные приложения для поклонников спортивной ходьбы

В "Рексофт" рассказали, как развивается рынок ИИ-ассистентов в России

Новости России

Полвека под текущей крышей. Почему сроки капремонта теряются в будущем

Shot показал кадры вероятной взятки главному кадровику МО РФ

ЦСКА: у вратаря Торопа множественные переломы лицевых костей черепа

АРМЕНИЯ. МИД РФ: миссия Евросоюза в Армении вредит всему Южному Кавказу

Экология в России и мире

Студенты городских образовательных учреждений проходят практику в Marins Park Hotel Новосибирск

Показ Academy Kaurtseva Fashion Day III 24

Lamoda запустила бренд мужской одежды и обуви Mademan

Участники Всероссийской олимпиады школьников по математике выбрали Marins Park Hotel Нижний Новгород

Спорт в России и мире

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Moscow.media

«Биржа грузоперевозок ATI.SU» запустила сервис «Выгодные направления»

Краски севера IV

Армяне России поддерживают движение «Тавуш во имя Родины»

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *