Diňle: Türkmenistanda 16 ýaşyna ýeten ýaşlara içerki pasportyň berilmegi gijikdirilýär
Türkmenistanda raýatlara içerki pasportyň berilmegi gijikdirilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, 16 ýaşy dolan ýetginjekler, şeýle hem pasportyny ýitirip, dokumentini täzelemäge mejbur bolan raýatlar pasportyna ençeme aýlap garaşýarlar.