Azerbaýjanda garaşsyz žurnalist saklandy – aklawçy
Azerbaýjanda Kanal 13 internet tele-neşiriniň dolandyryjy direktory Aziz Orujow 27-nji noýabrda saklandy, şeýle-de onuň öýi we iş ýeri polisiýa tarapyndan döküldi.
Orujowyň aklawçysy Bahruz Baýramowyň ýerli media aýtmagyna görä, onuň müşderisi emlägi bikanun ýagdaýda eýelemek, ulanmak we kireýine bermek boýunça aýyplanýar.
Baýramowyň sözlerine görä, Orujow tussag edilmegini özüniň žurnalistiki işi bilen baglanyşdyrýar.
2017-nji ýylda Orujow grantlar arkaly bikanun gazanç etmekde aýyplanyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Ol bu aýyplamalary ret etdi.
Orujow bir ýyl soňra, günä geçişlikde azatlyga çykdy.
Döwletiň eýeçiligindäki media Kanal 13-i we beýleki garaşsyz habar serişdelerini hökümete garşy hereketlerde aýyplady.