Gyrgyzystanda gyzy alyp gaçmak synanyşygynda üç erkek kişi saklandy
Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Issyk-Kul regionynda üç erkek kişi bir gyzy zor bilen alyp gaçmak synanyşygy aýyplamasy esasynda saklandy. Bu barada polisiýa 27-nji noýabrda habar berdi.
Gyrgyzystanda gyzy alyp gaçmak 2013-nji ýylda jenaýat hökmünde häsiýetlendirilse-de, bu mesele onlarça ýyl bäri saklanyp gelýär.
Soňky ýyllarda bu Merkezi Aziýa döwletinde alnyp gaçylan gyzlaryň öldürilmegi, hojalykdaky sütem ýaly ýagdaýlar barada has köp maglumat gowuşýar.
Geçen ýyl, Birleşen Milletler Guramasy Gyrgyzystanda gender deňligini ornaşdyrmak boýunça tagalla edilse-de, aýal-gyzlara garşy zulum edýänleriň henizem jogapkärçilikden çetde durýandygyny belläpdi.