Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabadyň polisiýasy çetki obalardan çörek satyn almaga gelen raýatlary gözleýär

Aşgabadyň häkimiýetleri döwlete degişli azyk dükanlarynyň öňünde çörek nobatyna durýan raýatlara gözegçiligini güýçlendirýärler. Dükanlaryň golaý-goltumynda nobatçylyk çekýän polisiýa işgärleri Aşgabadyň çetki obalaryndan çörek satyn almaga gelen raýatlary gözleýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji noýabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Içeri işler ministrliginiň etrap polisiýa bölüminiň işgärleriniň gulluk awtoulaglarynda dükanlaryň töwereklerinde, köp gatly jaýlaryň arasynda gözegçilik etmekleri ýygjamlaşdy. Olar esasan paýtagtyň gündogar etrapdyr obalaryndan çörek satyn almaga gelýänleri anyklamaga çalyşýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Polisiýa işgärleri özleri tarapyndan şübheli hasaplanýan adamlary saklaýarlar we olardan pasportlaryny ýa-da şahsyýetini anyklaýan beýleki resminamalary görkezmegi talap edýärler.

“Saklanan adam Aşgabadyň çetki obalarynda ýa-da etraplarynda ýazgyda duran bolsa, onda ol özüne degişli etrabyň polisiýa bölümine alnyp gidilýär we gorkuzmalara, haýbat atmalara sezewar edilýär” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.

Dükan işgärleriniň birnäçesi häkimiýetleriň bu çäre esasynda nobatdaky adamlaryň sanyny azaltmaga çalyşýandygyny aýdýar.

Aşgabadyň söwda edarasynyň resmileri bu çäreleriň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Azatlyk bu barada paýtagtyň söwda resmilerinden we Polisiýa müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Aşgabadyň çetki obalarynyň ýaşaýjylary özleriniň çörek satyn almak üçin şäheriň merkezi dükanlaryna gelmeginiň sebäbini öz sebitlerinde çöregiň bahasynyň 10% gymmatlandygy bilen düşündirýärler.

Paýtagtyň häkimiýetleri raýatlaryň diňe özüne degişli etrabyndaky, etrapçasyndaky ýa-da obasyndaky döwlet dükanlaryndan ýeňillikli azyk paýlaryny, şol sanda çöregi satyn almagyna rugsat berýärler. Raýatlaryň beýleki sebitlerdäki dükanlardan azyk satyn almagy dilden gadagan edilýär.

Ýöne aşgabatlylaryň ençemesi bu gadagançylygyň Gökdepe etrabynyň we onuň obalarynyň ýaşaýjylaryna degişli däldigini aýdýar.

“Bu etrapdan Aşgabada çörek satyn almaga gelen raýatlara hiç hili çäre görülmeýär. Olar polisiýa bölümine-de alnyp gidilmeýär” diýip, aşgabatly başga bir ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Bu aralykda, habarçymyz dükanlarda çöregiň hiliniň günsaýyn ýaramazlaşýandygyny, muňa garamazdan, onuň hyrydarynyň azalmaýandygyny aýdýar.

“Şeýle pes hilli çörek üçin-de adamlar daňdandan ençeme sagatlap nobata durup, onuň üstünde göreşmeli bolýarlar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiliginiň ýaramaz ýagdaýy soňky aýlarda has-da ýitileşýär. Subsidirlenen azyk önümleri kadaly paýlanylmaýar, käbir sebitlerde alty aý çemesi gijikdirilýär. Dükanlarda çäkli möçberde satylýan arzan çörek ýaşaýjylaryň ählisine ýetmeýär. Azyk paýlarynyň “kemeldip berilmegi”, ilata gurçukly unuň paýlanmagy ýaly ýagdaýlar ýygy-ýygydan ýüze çykýar.

Muňa garamazdan, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.

Soňky hepdelerde häkimiýetler döwlet dükanlarynyň öňündäki uly nobatlaryň öňüni almak ýa-da olary ýaşyrmak çärelerini hem güýçlendirýärler.

Şu aýyň ortalarynda häkimiýetler “ýurduň abraýyny pese gaçyrýandygyny” aýdyp, dükanlaryň töweregindäki agaçlaryň aşagynda irkilip, çörek nobatyna garaşýan raýatlaryň bu ýerlerde üýşmegini gadagan etdiler.

Geçen hepdäniň ahyrynda bolsa, Türkmenbaşyda nobatlaryň öňüni almak maksady bilen, ilata ýeňillikli azyk paýlaryny žeton esasynda bermek düzgüniniň girizilýändigi mälim boldy.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň berkidilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen hökümeti we mediasy dükanlardaky azyk ýeter-ýetmezçiligi we munuň bilen bagly görülýän çäreler barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Прощание с журналистом Максимом Кононенко пройдёт в Троицке

Следком России ищет приезжего из Азербайджана из-за его желания убивать в ЯНАО

В Туле суд выпустил на свободу кавказца, который вместе с братом избил девушку

Ставка на качество: вопросы технологической безопасности приобретают первостепенное значение

Музыкальные новости

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Искусство продвинутого анализа в спортивном прогнозировании

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Новости России

С завтрашнего дня в Москве начнут отключать отопление

Дружба с Львом Яшиным, головокружительная карьера и яркие романы футболиста Франца Беккенбауэра

Синоптики спрогнозировали в Москве до +20 градусов и небольшой дождь 16 мая

«Сделать кожу чистой, свежей и молодой»: что такое энзимная пудра и для чего она нужна

Экология в России и мире

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Спорт в России и мире

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Moscow.media

Танцы с ветром....

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия

Краски севера V

Axenix выводит на рынок систему поддержки принятия решений SmartAx







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *