Özbek prokurorlary ýerli blogger üçin 9.5 ýyl tussaglyk soraýar
28-nji noýabrda Özbegistanyň gündogaryndaky Fergana regionynda prokurorlar sud jogapkärçiligine çekilen blogger Olimjon Haýdarow üçin 9.5 ýyl türme tussaglygyny soradylar.
Haýdarow gorkuzyp pul almakda aýyplanyp, iýulyň aýagynda saklanypdy. Ol özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýär we olaryň syýasy matlaplydygyny aýdýar.
Özbegistandaky meşhur blogger Haýdarow ýurtda soňky ençeme aýyň dowamynda birnäçe bloggeriň gorkuzyp pul almak aýyplamalary esasynda tussag edilendigi baradaky meseläni gozgapdy.
2022-nji ýylyň dekabrynda Fergananyň sudy Haýdarowa, ýurtdaky energiýa kemçilikleri barada Internetde ýerleşdiren maglumatlary üçin, uly pul jerimesini salypdy.