Moskwada garyň ýüzünde “Urşa Ýok!” ýazany üçin, bir maýyp tussaglyga höküm edildi
Dmitriý Fedorow Moskwanyň Gorkiý Park seýilgähinde garyň ýüzünde barmaklary bilen “Urşa Ýok!” diýen sözleri ýazyp, seýilgähden çykyp barýan mahaly polisiýa tarapyndan saklanypdyr.
Oňa garşy Russiýanyň armiýasyny abraýdan düşürmek we polisiýa işgärine boýun bolmazlyk aýyplamalary boýunça administratiw protokol ýazyldy. Şol bir wagtda, Fedorow polisiýa edarasyna meýletin gidendigini aýdýar.