Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Araçy Katar Ysraýyl – Hamas ýaraşygynyň 1-nji dekabra çenli uzaldylandygyny tassyklady

Araçy Katar Ysraýyl – Hamas ýaraşygynyň 1-nji dekabra çenli uzaldylandygyny tassyklady

Gazadaky alty günlük ynsanperwer arakesme tamamlanyp barýan mahaly, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy hökmünde kesgitlenen Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky ýaraşyk bir gün möhlet bilen uzaldyldy diýip, araçylyk edýän Katar 30-njy noýabrda tassyklady.

“Katar döwletiniň bilelikde araçylygynyň çäklerinde, palestin we ysraýyl taraplary Gazadaky ýaraşygyň möhletini öňki birmeňzeş şertlerde, ýagny ot açylmagynyň bes edilmegi we ynsanperwer ýardamyň girmegi şerti bilen, goşmaça bir gün möhlet bilen uzaltdy” diýip, Kataryň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Majed Al Ansari yglan etdi.

Katar Gazada penşenbe güni irden soňlanjak ýaraşygyň möhletini uzaltmak üçin, Müsüriň hem-de Birleşen Ştatlaryň hemaýatlary bilen, güýçli depginde gepleşikleri alyp bardy.

Bu aralykda, ysraýyl harbylary 10 ysraýyllynyň, dört taýland raýatynyň we iki russiýalynyň Hamas tarapyndan boşadylandygyny aýtdy.

Dowam edýän ýaraşygyň çäklerinde, Hamas 29-njy noýabrda zamunlykdaky 16 adamy Ysraýyl tarapyndan saklanylýan palestin tussaglarynyň öwezine boşatdy.

Ysraýyl harbylary 10 ysraýylly aýalyň we çaganyň hem-de dört taýland raýatynyň Ysraýyla dolanandygyny we olaryň öz maşgalalaryna gowuşandygyny aýtdy.

Biraz öň, aýrybaşga boşatmada iki sany rus asylly ysraýylly aýal ekstremist topar tarapyndan erkinlige goýberildi.

Gepleşikçiler ýaraşygy mundan beýläk-de uzaltmagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşýan mahaly, Ysraýyl soňky alyşmada 30 palestinaly tussagy boşatmalydy.

Alty günlük ýaraşygyň dowamynda, çarşenbe güni boşadylan zamunlar bilen bilelikde, jemi 73 ysraýylly, şol sanda goşa raýatlygy bolan adamlar erkinlige goýberildi. Başga-da 24 zamun – şol sanda 23 taýland raýaty we bir filippinli – hem boşadyldy. Ot açmagyň bes edilmeginden öň, Hamas zaman alnan dört adamy boşatdy, ysraýyl goşuny hem bir zamuny halas etdi. Iki zamun Gazada öli tapyldy.

Şeýle-de, şu wagta çenli Ysraýylyň türmelerinden 180 palestinaly boşadyldy.

Geçen hepdede ýaraşyk ylalaşygy başlanaly bäri, iki tarap hem aýallary we çagalary boşatmagy dowam etdirýärler.

Ýaraşygyň dowam etdirilmegi Ysraýylyň ýesir alnandyklaryny aýdýan 126 erkek raýatynyň, şol sanda  onlarça esgeriniň boşadylmagy boýunça geçiriljek berk gepleşiklere garaşly bolup durýar.

Ýesir alnan erkek adamlaryň, hususan-da esgerleriň öwezine Hamasyň palestinaly erkek adamlaryň, ýa-da tanymal tussaglaryň boşadylmagyny talap etmegine garaşylýar. Bu şerte Ysraýylyň garşy çykmagy mümkin.

ABŞ we ÝB tarapyndan terror topary diýlip kesgitlenen Hamas 7-nji oktýabrda Ysraýyla hüjüm edip, Gaza zolagynda weýrançylykly urşuň başyny başlady. Ysraýyl bu hüjümde Hamas söweşijileriniň aglaba bölegi asuda raýatlardan bolan 1200 çemesi adamy öldürendigini we 240 töweregi adamy zamun alandygyny aýtdy. Zamun alnanlaryň arasynda aýallar, çagalar, esgerler, uly ýaşly adamlar we taýlandly ekerançylyk işleri bar.

Ysraýylyň Gazada müňlerçe palestinalyny öldüren takmynan sekiz hepdelik bombalamalaryndan we guryýer kampaniýasyndan soňra, ot açylmagynyň tiz wagtda bes edilmegi boýunça halkara çagyryşlar ýokarlandy.

Ysraýyl guryýer hüjüminde özüniň 77 esgeriniň öldürilendigini aýdýar.

Ysraýyl soňky günlerde onlarça zamunyň boşadylmagyna hoşallyk bildirdi we, eger Hamas ýesirleri erkinlige goýbermegi dowam etdirse, ýaraşygy saklajakdygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Айсен Николаев подписал кадровые указы

Диана Гурцкая приехала в Красноярск и встретилась с краевыми властями

Центр Московского долголетия поможет пенсионерам оформить субсидии и льготы на оплату ЖКУ

Markiza: угроза жизни Фицо все еще сохраняется после покушения

Музыкальные новости

В Костроме сотрудники Росгвардии обеспечат общественную безопасность во время проведения футбольного матча между командами "Спартак" Кострома - "Динамо" Брянск

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

«СВЯТОЙ ЛЕНИН» правит миром, расшифровал «ДНК В.И.Ленина», отменяет налоги. И… отключает институты времени. Разгадка «научных теорий заговоров».

Страдания юного Аюша Булчун

Новости России

Центр Московского долголетия поможет пенсионерам оформить субсидии и льготы на оплату ЖКУ

Песков заявил о решении РФ и КНР проблемы вторичных санкций через диалог

Более 12 000 бесплатных посылок отправили новосибирцы в зону проведения СВО

Насморк у мужчины оказался жидкостью, вытекающей из мозга

Экология в России и мире

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

Спорт в России и мире

Азаренко вышла в четвертьфинал турнира WTA-1000 в Риме

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Новак Джокович низко оценил свою готовность к «Ролан Гаррос» и Олимпиаде-2024

Moscow.media

Краски севера IV

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Завершена надвижка моста в Нагатинском затоне

Танцы с ветром....







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *