Gazak kanunçykaryjylary Media kanunyna dawaly goşmaçalary oňladylar
Gazagystanyň kanunçykaryjylary köpçülikleýin habar serişdeleri baradaky täze kanuna girizilmegi göz öňünde tutulýan jedelli goşmaçalary birinji diňlenişikde oňladylar. Täze düzediş raýatlara habar çap bolandan soňra üç ýylyň içinde töhmet barada arz etmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki bar bolan kanunda bular ýaly şikaýat üçin wagt çägi göz öňünde tutulmadyk.
Žurnalistleriň hak-hukuklaryny goraýjy guramalar žurnalistlere we media serişdelerine töhmet baradaky şikaýaty bermek möhletiniň bir ýyl diýip kesgitlenilmelidigini aýdýarlar.
Mundan başga-da, 30-njy noýabrda oňlanan düzedişlere laýyklykda, žurnalistler ýeke-täk ulgam arkaly akreditasiýa bolmaly.
Žurnalistleriň hukuklaryny goraýjylar häkimiýetleriň hökmany akreditasiýa talaplaryny garaşsyz žurnalistleri sem etmek üçin ulanyp biljekdigine alada bildirýärler.