Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

BMG Gazadaky söweşleriň gaýtadan başlanmagyny ‘betbagtçylyk’ häsiýetlendirip ýazgarýar

BMG Gazadaky söweşleriň gaýtadan başlanmagyny ‘betbagtçylyk’ häsiýetlendirip ýazgarýar

Birleşen Milletler Guramasy Gazadaky konfliktiň 1-ji dekabrda gaýtadan başlanmagyny “betbagtçylyk” hökmünde häsiýetlendirip ýazgardy we taraplary dowamly ýaraşyga çagyrdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky ynsanperwer edarasynyň metbugat sekretary Ýens Laerke urşuň gaýtadan başlanmagynyň “Gaza zolagyna dowzahyň durmuşynyň dolanyp barýandygyny” aňladýandygyny aýtdy.

Bir hepde töweregi dowam eden ýaraşygyň tamamlanyp, onuň möhletiniň uzaldylmazlygy bilen, Ysraýylyň söweş uçarlary Gazany gaýtadan bombalamaga başlady, asuda palestinalylar pena gözledi.

“Gazadaky urşuň gaýtadan başlanmagy betbagtçylykdyr” diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça ýokary komissary Wolker Turk aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonýu Guterriş X sosial media platformasynda paýlaşan postunda urşuň gaýtadan başlanmagyna gynanýandygyny hem-de täze bir arakesmäniň ylalaşylmagyna umyt bildirýändigini aýtdy.

“Urşuň gaýtadan başlanylmagy diňe hakyky ynsanperwer ýaraşygynyň nä derejede möhümdigini görkezýär” diýip, ol aýtdy.

Laerke bir hepde dowam eden ýaraşykda uly göwrümli ynsanperwerlik ýardamlarynyň gür ilatly Gaza zolagyna eltilendigini, ýardamlaryň hatda arakesmeden ozal tas doly diýen ýaly üpjünçilikden mahrum bolan demirgazyk Wadi Gaza sebitlerine-de baryp ýetendigini aýtdy.

ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen Hamas bilen Ysraýylyň arasynda bir hepde dowam eden ýaraşygyň möhletiniň 1-nji dekabrda tamamlanmagyndan birnäçe minut soňra, ysraýyl söweş uçarlary Gaza zolagyndaky nyşanalara zarba urdy we uruş doly güýjünde gaýtadan başlady.

Gabaw astyndaky territoriýadan gara tüsse asmana göterildi, Ysraýyl günorta Gazanyň käbir sebitlerine asmandan duýduryş hatlaryny taşlap, adamlara öz öýlerini terk etmeklerini duýdurdy. Bu bolsa, onuň hüjümi giňeltmäge taýýarlanýandygy barada pikir döredýär.

Ysraýyl harbylarynyň zarbalary yglan etmegi anna güni ýerli wagt bilen irden sagat 7:00-de, (Aşgabat wagty bilen irden sagat 10:00), ýaraşygyň möhletiniň tamamlanmagyndan bary-ýogy 30 minut soňra bolup geçdi.

Biraz öň, Ysraýyl Hamasy ýaraşygyň şertlerini bozmakda, şol sanda Gazadan Ysraýyla tarap raketa atmakda aýyplady.

Uruş arakesmesi 24-nji noýabrda başlady. Ýaraşyk ilki başda dört gün dowam etdi, soňra birnäçe gün möhlet bilen uzaldyldy.

Bir hepde dowam eden ýaraşykda Hamas we Gazadaky beýleki jeňçiler Ysraýyldaky 240 palestin tussagynyň erkinlige goýberilmeginiň öwezine, 100-den gowrak zamuny boşatdy. Olaryň aglaba bölegi ysraýyllylar bolup durýar.

Bu aralykda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Gazada asuda ilat üçin howpsyz zolaglaryň döredilmegi boýunça Ysraýyla çagyryş edýär.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Entoni Blinken 30-njy noýabrda Ysraýyly, harby operasiýalara başlamazdan ozal, Gazada asuda palestinalylar üçin howpsuz zolaglary döretmäge çagyrdy.

Ysraýyl “bigünä palestinalylaryň adam ýitgilerini mundan-da beýläk azaltmak üçin, ynsanperwer raýat goraglylygy meýilnamalaryny durmuşa geçirmeli” diýip, ol Tel Awiwde žurnalistlere aýtdy.

Blinken bu sözleri Gazada palestinaly tussaglaryň öwezine bir topar zamunyň boşadylmagyna şaýat bolan  arakesmäniň ýedinji gününde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Балка чуть не упала на ребёнка на северо-востоке Москвы

"Метриум": доля ипотечных сделок в Москве выросла с 67% до 69% за месяц

Ретропоезд отвезет туристов из Нижнего Новгорода на «Арзамасский трактирщикъ»

Единый агрегатор торговли Ростеха позволил российским госзаказчикам сэкономить почти 7 млрд рублей

Музыкальные новости

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Глава Центробанка РФ: "Я вижу в ЦФА большой потенциал"

Правительство РФ сообщило о перевыполнении планов по достижению цифровой зрелости национальной экономики

В "Рексофт" рассказали, как развивается рынок ИИ-ассистентов в России

Новости России

Мастер-класс по футболу проведут ведущие тренеры Забайкальского края для учителей физической культуры

Балка чуть не упала на ребёнка на северо-востоке Москвы

Ретропоезд отвезет туристов из Нижнего Новгорода на «Арзамасский трактирщикъ»

Мария Багреева: в 1 квартале оборот столичной розницы вырос на 12%

Экология в России и мире

Глава Центробанка РФ: "Я вижу в ЦФА большой потенциал"

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

Спорт в России и мире

Ангеліна Калініна поступилася восьмій ракетці світу Саккарі на турнірі WTA 1000 у Римі: результат

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Теннисист Медведев не смог выйти в четвертьфинал турнира серии «Мастерс» в Риме

Moscow.media

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *