Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabatda sarp edilen suw üçin töleg geçiren raýatlar goşmaça töleglere sezewar edilýär

Şu günler Aşgabatda sarp edilen suw üçin töleg geçiren ýaşaýjylaryň ençemesi müňlerçe manat möçberindäki goşmaça tölegleri geçirmäge mejbur edilýär. Häkimiýetler munuň sebäbini ýaşaýjylaryň suw hasaplaýjy gurallarynyň “Türkmendöwletstandartlary” baş döwlet gullugynda hasaba alynmandygy ýa-da iki ýylda bir gezek barlagdan geçirilmändigi bilen düşündirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 1-nji dekabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Öýlere aýlanýan “Aşgabatagyzsuw” kärhanasynyň işgärleri bu ýaşaýjylaryň gurallary düýbünden ýok ýa-da olaryň ulanyş möhleti geçen ýaly hasaplap, 10 hojalykdan dördüsine jerime ýazyp, töleglerini gaýtadan hasaplaýarlar. Işgärler raýatlaryň hasaplaýjylarynyň kanuna laýyk ulanyş möhleti gutaran gününden başlap häzirki güne çenli aralykdaky tölegi gaýtadan tölemegi talap edýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Olar bu tölegi hasaplanda, hojalyklardan bir gije-gündiziň dowamynda durman näçe möçberde suw akýan bolsa, şony bir aýa köpeldip, ony hem bir ýyla köpeldýärler. Bu hasabyň jemi möçberi ummasyz serişde bolýar.

“Ýaşaýjylaryň arasynda 2 müňden 4 müň manada çenli aralykda töleg geçirmeli edilen raýatlar bar. Bu bir raýatyň iki-üç aýlyk haky bolýar. Ilat bu tölegi tölemekde uly kynçylyk çekýär. Käbir adamlar, mümkinçiligini tapsa, wezipeli emeldarlara para berip, tölegiň möçberini azaltmaga çalyşýarlar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçirýän ýerli ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Bu raýatlaryň aglabasy hasaplaýjy gurallary iki ýylda bir gezek döwlet barlagyndan geçirmändigi sebäpli, ölçeýjileriniň ulanyş möhleti geçen ýaşaýjylardyr.

Olaryň ýene bir bölegi bolsa, hasaplaýjylaryny “Türkmendöwletstandartlarynda” düýbünden hasaba aldyrmadyk ýaşaýjylardyr.

Olar gurallary hususy dükanlardan satyn alandyklaryny, olary döwlet edarasynda hasaba aldyrmalydygyndan habarsyzdyklaryny, köp ýaşaýjynyň ölçeýjileri iki ýylda bir gezek barlagdan geçirmelidigini hem bilmeýändigini aýdýarlar.

“Biz hasaplaýjylaryň görkezijileri esasynda, sarp edilen suw üçin tölegleri wagtly-wagtynda töläp gelýärdik. Tölegleriň geçirilendigi baradaky kwitansiýalary hem görkezdik. Şeýle-de, biz olara soňky ýyllarda suw edarasynyň işgärleriniň-de hasaplaýjylaryň görkezijilerini barlap, tölegleri alyp gidendigini aýtdyk. Ýöne olaryň bize hasaplaýjylary barlagdan geçirmelidigini aýtmandygyny belledik. Bize gulak asan bolmady” diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Aşgabatagyzsuw” kärhanasyndan we “Türkmendöwletstandartlary” baş döwlet gullugyndan kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ozal ilata mugt berlen tok, gaz we suw ýaly ýeňillikler tölegli edildi. Türkmen hökümeti munuň sebäbini ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy we bazar ykdysadyýetiniň talaplary bilen düşündirdi.

Şondan soň ýurt boýunça ýaşaýyş jaýlarynda elektrik, gaz we suw hasaplaýjy gurallary oturtmak işlerine, olaryň talaba laýyk işleýşine, şeýle-de tölegleriň geçirilişine gözegçilikler güýçlendirildi.

Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda girizilen tölegler köp sanly eli ýuka hojalyga goşmaça agram saldy.

Häkimiýetler indi birnäçe ýyl bäri döwlet edaralarynyň ençemesinden zerur resminamalary soraýan raýatlardan hojalyk hyzmatlary üçin tölegleriň geçirilendigi baradaky kepilnamalary talap edýärler.

“Häzirki wagtda ýaş çagasy bolan köp ene hojalyk hyzmatlary üçin tölegleriň geçirilendigi baradaky kepilnamalary tabşyryp bilmeýändigi sebäpli, zerur resminamalary ýygnap bilmeýärler. Şol sebäpli olar döwlet tarapyndan çaga seretmek üçin berilýän kömek pulundan hem mahrum bolýarlar. Bu kepilnamalar iş girmekçi bolýan raýatlara, çagalaryny mekdebe ýa-da çagalar bagyna bermek isleýän ene-atalara hem kynçylyk döredýär” diýip, paýtagtdaky habarçymyz aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri bu baradaky habarlara hiç hili reaksiýa bildirmeýärler. Bu barada ýurduň metbugatynda hem mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Суд рассмотрит продление ареста фигурантам дела о теракте в «Крокусе»

«Мой муж еще ого-го». Молодая жена Петросяна огорошила: в семье родилась дочь с необычным именем

В России китайский автобренд FAW представил обновленный лифтбек Bestune B70

Сотрудники Росгвардии пришли на помощь девочке, пострадавшей в результате наезда транспортного средства

Музыкальные новости

В ЦСКА рассказали о тяжести травмы голкипера Владислава Торопа

Юрист Лебедева: законы о работе онлайн-магазинов в России необходимы уже давно

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

Новости России

Путин объяснил выбор Китая для первого визита после переизбрания

Ефимов: в пищевом кластере в ТиНАО появится современный хлебозавод

«Школа зажигает звёзды»: в Сатке состоялось чествование отличившихся школьников

Названа причина смерти легендарного летчика-испытателя Дмитрия Автухова

Экология в России и мире

Фестивальный праздник «Музыка моего города» в Улан-Удэ включил в программу спектакль Театра кукол «Ульгэр»: Россия и Культура, Праздник и Дети

10 полезных продуктов для сердца

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

Страдания юного Аюша Булчун

Спорт в России и мире

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Стало известно, при каком условии Медведев может опуститься на 5-е место рейтинга ATP

Moscow.media

Состоялась Байкальская театральная школа в Бурятии: Россия и Культура, Дети

Завершена надвижка моста в Нагатинском затоне

Военные следственные органы Следственного комитета Российской Федерации отмечают 157-ю годовщину образования

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *