Eýran Siriýada sakçylaryň öldürilmegine jogap berjekdigini aýdýar
Eýran özüniň Siriýadaky bähbitlerine edilýän hüjümlere jogap berer diýip, daşary işler ministrligiň metbugat wekili Nasser Kanaani 4-nji dekabrda aýtdy.
Ol muny žurnalistiň geçen hepde Siriýada Ysraýylyň zarbalary sebäpli Eýranyň Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň iki agzasynyň öldürilmegi bilen bagly beren sowalyna jogap hökmünde aýtdy.
“Eýranyň Siriýadaky bähbitlerine we maslahat beriş güýçlerimize garşy edilen hiç bir hereket jogapsyz galmaz” diýip, Kanaani aýtdy.
2-nji dekabrda Eýranyň habar serişdeleri Siriýada maslahatçy bolup hyzmat eden Eýranyň Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň iki agzasynyň, Ysraýylyň hüjüminde ölendigi barada maglumat beripdiler. Bu Gazada dowam edýän uruşda heläk bolan eýranlylar baradaky ilkinji habar boldy.