Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ysraýyl Gaza zolagynda Hamasa garşy söweşýändigini aýdýar

4-nji dekabrda Ysraýylyň harbylary Gaza zolagynda öz güýçleriniň Hamas jeňçilerine garşy söweşýändigini aýtdy. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamas toparyny terroristik gurama hökmünde ykrar edýär.


Görnüşinden Ysraýyl Gaza zolagynyň günorta sebitlerinde gury-ýer operasiýasyna girişdi. Ysraýylyň zarbalary netijesinde onlarça palestinaly heläk boldy we ýaralandy.


Täzeden başladylan söweş hereketleri Ysraýylyň güýçleri bilen Hamasyň arasynda gelnen ýedi günlük ok atyşyklar boýunça arakesmäniň 1-nji dekabrda tamamlanmagyndan soň döredi.


Arakesmäniň çäginde, Hamasyň saklaýan, aglaba ysraýyllylardan ybarat 105 zamun 240 sany palestin tussagy bilen çalşyldy.


Şol bir wagtda, täzeden başladylan söweş hereketleri zamunlykdaky beýleki tussaglaryň kadaly azatlyga çykyp biljekdigi baradaky umytlara kölege saldy. Käbir maglumatlara görä, ýene-de 130 töweregi adam zamunlykda saklanýar.


Britaniýanyň harbylary Hamasyň 7-nji oktýabrdaky hüüjminden soň zamun alnan adamlary ýüze çykarmaga hemaýat etmek üçin, Gazanyň üstünde gözegçilik uçuşlaryny amala aşyrjakdygyny mälim etdi. Bu soňky özgerişi Britaniýanyň Goranmak ministrligi tassyklady.


Britaniýa 7-nji oktýabrdaky hüjümde azyndan 12 britan raýatynyň öldürilendigini we bäşisiniň entegem dereksiz ýitendigini aýtdy.


Bu aralykda, Halkara Jenaýat sudunyň baş prokurory Karim Han Gazadaky urşunda ähli taraplaryň mümkin uruş jenaýatlarynyň derňelmeginiň tarapynda çykyş edýändigini aýtdy.


“Biz kanunyň ol ýerde, front liniýasynda bardygyny we onuň ähli kişini goramaga ukyplydygyny görkezmelidiris” diýip, Khan Halkara Jenaýat sudunyň 3-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda belledi.


Khan soňky günleriň dowamynda Ysraýyla we Palestin territoriýalaryna sapar etdi. Ol Hamasyň hüjümleriniň pidalarynyň ýakynlary we dostlary tarapyndan çagyryldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *