Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Aşgabat: Häkimiýetler döwlet dükanlarynyň öňündäki çörek nobatlaryny wideo düşürýär

Türkmenistanda ilatyň azyk howpsuzlygy bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, söwda resmileri Aşgabadyň döwlet dükanlarynyň öňünde emele gelýän çörek nobatlary bilen baglylykda, subsidirlenen çöregiň söwdasyna gözegçiligi güýçlendirýär. Azyk nobatlary häkimiýetler tarapyndan wideo ýazgy edilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 4-nji dekabrda paýtagtdan maglumat berdi.

Ýeňillikli harytlaryň paýlanylmagynyň gözegçilik işlerine söwda resmileri, şeýle-de alyjylar jemgyýetleriniň hünärmenleri we polisiýa işgärleri gatnaşýar.

Bu aralykda, döwlet dükanlarynyň öňünde ýeňillikli bahadan çörek satyn almaga baran adamlaryň nobatlary saklanyp galýar. Çörek her ele çäkli möçberlerde satylýar.

Häkimiýetler nobatlarda tertip-düzgüne gözegçilik edýärler, ýöne nobatlar dargadylmaýar.

Barlaglara gatnaşýan söwda resmileriniň biri güýçlendirilen gözegçiligi döwlet dükanlarynda geçirilen barlag işleriniň ýokary derejeli söwda resmilerine hasabat berilmegi bilen bagly özlerine berlen tabşyryk bilen baglanyşdyrýar.

“4-nji dekabrda irden sagat entek 6 bolmanka söwda ministrliginiň tabynlygyndaky işgärler we alyjylar jemgyýetleriniň hünärmenleri döwlet dükanlaryna geldiler. Tertip-düzgüne gözegçilik edilmegine polisiýa işgärleri hem gatnaşýar. Barlag toparynyň bir agzasy dükanyň öňünde nobata garaşýan adamlary wideo ýazgy edýär” diýip, döwlet dükanlarynyň işinden habarly bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azyk harytlarynyň paýlanylmagy bilen bagly gözegçilik işleriniň güýçlendirilmegi, şeýle-de nobatlaryň wideo ýazgy edilmegi barada resmi beýanat berilmeýär.

Ýöne barlag toparynyň bir agzasynyň sözlerine görä, Söwda ministrliginiň Gözegçilik bölümi döwlet dükanlarynda geçirilen barlag işleri barada wideo şekilli hasabat taýýarlanylmagyny talap edýär.

“Aşgabadyň döwlet dükanlarynda geçirilýän soňky barlaglaryň esasy maksady çörek söwdasynda tertip-düzgüniň ýola goýlandygyny hasabat bermäge gönükdirilendir” diýip, barlaglardan habarly ýaşaýjy aýdýar.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň döwlet dükanlarynda geçirilýän barlaglar barada Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Ýöne bu çäreler paýtagtyň döwlet dükanlarynyň öňünde ir bilen irkilip, nobata garaşýan adamlaryň uly nobatlary barada Azatlyk Radiosynda habar berilmeginden birnäçe hepde soň geçirilýär.

Ýatlasak, Azatlygyň habarçylary 10-njy noýabrda paýtagtyň döwlet dükanlarynyň öňünde daň bilen nobata garaşýan adamlar, şol sanda 10-12 ýaşly çagalar barada habar berdi. Bu habaryň yz ýany, häkimiýetler çörek nobatlarynyň “ýurduň abraýyny pese gaçyrýandygyny” aýdyp, nobata garaşýan raýatlara garşy göreşe girişdi.

Azatlygyň habarçysy duşenbe güni iberen soňky malgumatynda döwlet dükanlarynyň öňünde çörek nobatlarynyň dowam edýändigini, häkimiýetler tarapyndan nobatlara gözegçilik edilýändigini habar berdi.

Ýöne ýerli ýaşaýjylar soňky çäreler bilen çörek bolçulygynyň emele gelmeýändigini, ýeňillikli bahadan satylýan çöregiň heniz hem her ele çäkli möçberlerde satylýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň habarçylary oktýabryň ortalarynda paýtagtyň döwlet dükanlarynyň öňünde çörek nobatyna garaşýan adamlaryň arasynda dawa-jenjelleriň ýüze çykýandygyny habar berdiler.

Şonda habarçylarymyz döwlet dükanlarynda ýeňillikli bahadan her ele iki ýa-da üç buhanka çöreginiň satylýandygyny, olary satyn almak üçin adamlaryň daň bilen dükanlaryň öňünde nobata garaşýandyklaryny habar berdi.  

Oktýabryň soňky hepdesinde habarçylarymyz döwlet dükanlaryna getirilýän ýeňillikli azyk önümleriniň dükanlaryň arka gapylaryndan hususyýetçilere satylýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri azyk üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän problemalar barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Наряд вне очереди!

НИКИ детства принял участие в медицинском форуме

В Красногорске проходят общественные обсуждения в изменении генплана

СК возбудил дело из-за нападения на группу «России-24» в московском парке

Музыкальные новости

Московский "Спартак" не выигрывает трофеи с 2022 года

В Пушкинский день театр кукол «Ульгэр» выступил в райцентре Ресрублики Бурятия: Россия и Культура, Дети

Мужская команда ВК "Тамбов" прошла в полуфинал Чемпионата России

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Новости России

Собянин утвердил создание новых управ районов в ТиНАО

В Отрадном научат делать трюки на самокатах

Сотрудники Росгвардии задержали в Новой Москве 18-летнюю распространительницу наркотиков

ДИТ Москвы и ICT.Moscow будут делиться с отраслью аналитикой ИТ-трендов в умных городах России

Экология в России и мире

Студенты городских образовательных учреждений проходят практику в Marins Park Hotel Новосибирск

С чем носить джинсовое платье этой весной: примеры образов

В День Пушкина театр кукол «Ульгэр» в райцентре Бурятии: Россия, Культура, Дети

Делаем образ стильным при помощи одной яркой детали

Спорт в России и мире

Соболенко вышла в полуфинал турнира WTA в Риме

Свёнтек прошла в полуфинал турнира WTA-1000 в Риме

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

«Подача на победу на Уимблдоне». Гвардиола – о заключительном туре АПЛ

Moscow.media

Столичные сотрудники росгвардии задержали нетрезвого водителя

Завершена надвижка моста в Нагатинском затоне

Столичные росгвардейцы задержали молодую распространительницу наркотиков

«Байкал Сервис» открыл новый терминал на юго-востоке Москвы







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *