Ysraýyl Gaza zolagynyň günorta sebitlerine hüjüm edýär, ABŞ we BMG asuda ilatyň goraglylygyna çagyrýar
Ysraýyl güýçleri Gaza zolagynyň günorta sebitlerinde howa we guryýer hüjümlerini güýçlendirip, onlarça palestinalyny öldüridi we ýaralady. Birleşen Ştatlar we Birleşen Milletler Guramasy gaýta-gaýta ysraýyl güýçlerini asuda ilaty goramaga çagyrdy.
Hamas bilen Ysraýylyň arasyndaky ýaraşyk gutaraly bäri, adam ýitgileriniň artýandygy barada soralanda, Ysraýylyň iň ýakyn ýarany bolan Birleşen Ştatlar Ysraýylyň asuda ilatyň goraglylygyny üpjün etmekde ýeterlik tagalla edýändigini aýtmak üçin heniz örän ir diýdi.
Şol bir wagtda, ABŞ özüniň howpsuz zolag hökmünde kesgitlän ýerlerinde Ysraýylyň zarbalaryna garaşmaýandygyny aýtdy. ABŞ we ÝB Hamas toparyny terror guramasy hökmünde kesgitleýär.
Ysraýyl goşuny, asuda raýatlaryň ýitgileri boýunça dowam edýän global aladalara garamazdan, gabaw astyndaky territoriýada Hamas toparyna garşy alyp barýan “agresiw” hereketleriniň çäklerinde, Gaza zolagynyň günorta sebitlerine onlarça tank girizdi.
Ysraýyl Gaza zolagynyň demirgazyk sebitlerine guryýer goşunlaryny ýerleşdirenden birnäçe hepde soňra, günorta sebitlere howadan duýduryş hatlaryny taşlap, palestinalylary başga sebitlere gaçmaga çagyrdy.
Ysraýyl jeňçi toparyň, ysraýyl häkimiýetlerine görä, aglabasy asuda raýatlardan ybarat bolan 1200 çemesi adamy öldürip, 240 töweregi adamy zamun alan görlüp-eşidilmedik 7-nji oktýabr hüjümlerine jogap hökmünde, Hamas toparyna garşy berk göreşjekdigini aýtdy.
Biraz öň, Ysraýyl goşuny 3-nji dekabrda özüniň guryýer hüjümleriniň Gaza zolagynyň ähli sebitlerini öz içine alýandygyny aýtdy. Häkimiýetler gür ilatly günorta sebitleriň ewakuasiýa edilmegini buýruk berdi.
Ysraýyl goşuny günorta sebitlerde hem Hamas toparyna garşy alnyp barylýan operasiýalaryň, biraz öň demirgazykda ýerine ýetirilen tagallalardan “kem bolmajakdygyny” aýtdy.
Ewakuasiýa tabşyryklarynyň yz ýany, agyr bomba hüjümleri bolup geçdi. Gaza zolagyndaky palestinalylar Ysraýyl we Müsür bilen serhetleşýän ýapyk territoriýada özleriniň başga gidere ýerleriniň ýokdugyny aýdýarlar. Gaza zolagynyň 2,3 million ilatynyň aglaba bölegi günorta sebitlerde gysylyp galdy.
Ysraýyl güýçleri bilen Hamas toparynyň arasynda ýedi günlük ok atyşygy bes etmek boýunça arakesmäniň 1-nji dekabrda tamamlanmagyndan soňra, söweş hereketleri gaýtadan başlady.
Bu arakesmäniň çäginde Hamas toparynyň elindäki 105 zamun, olaryň aglabasy ysraýyllylardan ybarat, 240 sany palestin tussagy bilen alyşyldy.