Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyklar: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”

Arzan towuk söwdasyndaky başagaýlyklar: “Towuk satlyga däl-de, barlaga goýuldy”

Aşgabadyň döwlete degişli azyk dükanlarynda we söwda nokatlarynda, dört aý arakesmeden soň, bitin towuk eti peýda boldy. Emma olaryň köpüsinde alyjylara towuk satylmaýar. Dükan satyjylarynyň ençemesi bularyň satlyga däl-de, diňe barlagçylara “towuk bolçulygyny” görkezmek üçin goýlandygyny aýdýar. Towugy satuwa çykaran käbir söwda nokatlarynda bolsa, nobata duranlaryň sany ýüzlerçe adama ýetýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy dekabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Hojow Annadurdyýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän 9-njy dükanyň girelgesiniň çep tarapynda gapysy aýnadan edilen, içi görünýän sowadyjy goýup, onuň içini towukdan hyryn-dykyn doldurypdyrlar. Onda towugyň bir kilogramynyň 21 manatdygy hem bellenilipdir” diýip, habarçymyz belledi.

Ýöne köçeden geçip barýan alyjylar dükanyň içine girip, satyja towugy satyn almak isleýändigini aýdanda, olara şeýle jogap berilýär:

“Beýle hezillik nirede bar?! Meniň çagalarymam dört aý bäri towuga garaşýar. Bu görnüş üçin goýlan towuk. Barlag gelende, dükanda towuk hemişe bolmaly, emma ol alyjylara satylmaly däl” diýip, anonim şertde maglumat beren aşgabatly ýaşaýjy bir dükan satyjysynyň aýdan sözlerini sitirledi.

Dükan satyjylarynyň sözlerine görä, söwda pudagyna gözegçilik edýän edaralara dükanlara aýlanyp, olarda azyk, şol sanda towuk bolçulygynyň üpjün edilendigine gözegçilik etmek tabşyrylypdyr.

“Şu günler bu barlagçylar gelende, hamana, hemme zat bolçulyk ýaly edip görkezilmäge çalşylýar. Bu usul, häkimiýetleriň paýtagtdaky daşary ýurt diplomatlaryna we halkara guramalarynyň wekillerine towugyň satuwda tapdyrmaýandygy baradaky maglumatlaryň galpdygyny görkezmek syýasatydyr” diýip, döwlet dükanlarynyň biriniň satyjysy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Paýtagtyň dükanlarynyň aglabasynda indi dört aý çemesi wagt bäri bitin towuk tapdyrmaýar. Bazarlarda bir kilogramy 35-40 manatdan satylýan bu towuk döwlet dükanlarynda 21-27 manat aralygynda bahalanýar. Ýeňillikli azyk harytlarynyň hataryna girýän bu towukdan her ele bir sany satylýar.

Bu aralykda, habarçymyz paýtagtyň käbir dükanlarynda we bazarlaryndaky söwda nokatlarynda bitin towuk etiniň satuwa çykarylandygyny hem habar berýär.

Munuň bilen bagly, dükanlaryň, şol sanda “Altyn Asyr” gündogar bazaryndaky söwda nokadynyň öňünde ýüzlerçe adamdan ybarat uzyn nobatlar emele geldi.

“Adamlar bir towuk satyn almak üçin ençeme sagatlap nobatda garaşmaly bolýarlar. Köp adamyň nobaty ýetende, towugyň gutarandygy aýdylýar. Towuk hemmelere ýetmeýär” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde aýtdy.

Käbir dükanlar bolsa, towugyň satuwyny haýal amala aşyrýarlar we ony boldugyndan uzaga çekýärler. Dükan satyjylary munuň sebäbini ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan dilden berlen görkezme bilen düşündirýärler.

Görkezmä laýyklykda, her bir towuk bir alyja 5-6 minutda satylýar. Munuň sebäbi dükanlarda, hamana, towuk söwdasy hemişe gyzgalaňly görnüşde alnyp barylýandygyny görkezmek bilen baglanyşykly.

“Her dükana günde 40-50 towuk bölünip berilýär. Bular adaty görnüşde satylsa, bir sagada ýetmezden satylyp gutarýar. Ýöne görkezme esasynda satylanda, towugyň söwdasy irdenden öýläne çenli dowam edýär. Ilatda her haçan barsaň, towuk satylyp dur diýen pikir, düşünje döreýär. Bu baýramçylyklaryň öň ýanynda, häkimiýetleriň emeli azyk bolçulygyny döretmek tagallalarydyr” diýip, dükan satyjysy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada paýtagtyň häkimiýetlerinden, şol sanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariý alyp bilmedi.

Ýiti ykdysady kynçylyklarda ejir çekýän Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda azyk üpjünçiliginiň ýaramaz ýagdaýy soňky aýlarda has-da ýitileşdi. Towuk, un, çörek ýag ýaly subsidirlenen azyk önümleri ilata kadaly paýlanylmaýar, käbir sebitlerde alty aý çemesi gijikdirilýär. Dükanlarda çäkli möçberde satylýan arzan çörek ýaşaýjylaryň ählisine ýetmeýär.

Ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň arasynda, köp hojalyk ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly bolup galýar.

Häkimiýetler ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň öň ýanynda, emeli azyk bolçulygyny döretmäge çalyşýarlar. Ýöne emeli bolçulyk uzaga çekmeýär we baýramçylyklaryň yzysüre aradan aýrylýar.

Türkmenistan şu aýyň 12-ne Bitaraplyk gününi we 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilen gije Täze ýyl baýramyny belleýär.

Türkmenistanda azyk howpsuzlygynyň berkidilýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýan türkmen hökümeti we mediasy dükanlardaky azyk ýeter-ýetmezçiligi barada hiç hili mesele gozgamaýarlar.

6-njy noýabrda Ženewada geçirilen BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Kanadanyň wekili öz ýurdunyň Türkmenistandaky azyk howpsuzlygynyň ýagdaýyna heniz-de alada bildirýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

В Москве стартовали онлайн-показы фестиваля документального кино "ОЗА"

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

Дома более 60 тыс жителей Подмосковья газифицируют по программе «Соцгазификация»

ЦСКА: у вратаря Торопа множественные переломы лицевых костей черепа

Музыкальные новости

Звезды спорта. Кто они такие и почему их так называют?

Сергей АРУТЮНОВ на своём сольном концерте в Государственном Кремлёвском Дворце презентовал дуэт с Родионом Газмановым. Артисты вместе исполнили хит “Люси”

В Калининграде впервые состоялись всероссийские соревнования по самбо «Кубок пяти морей»

Экс-игрок "Спартака" Мостовой объяснил провал "Краснодара" в РПЛ кармой

Новости России

В Люберцах подписали меморандум о дружбе и сотрудничестве с китайским Хэншуем

В Москве стартовали онлайн-показы фестиваля документального кино "ОЗА"

Тороп травмировался после столкновения головами с Алипом. Вратаря ЦСКА увезли с поля, 19-летний Шайхутдинов вышел вместо него

В Бурятии театр готовит премьеру о войне СССР и Монголии с Японией: Россия, Культура, Победа

Экология в России и мире

C 13 по 19 мая 2024 года проходит Неделя профилактики повышения артериального давления

В Армении прошел крупнейший на постсоветском пространстве «Бессмертный полк». Видео. Фоторяд

Не чувствую руку: Доктор Кутушов рассказал к чему приводит частое онемение конечностей

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Спорт в России и мире

Медведев с трудом одолел 121-ю ракетку мира на турнире в Риме

Хачанов проиграл Табило в 1/8 финала «Мастерса» в Риме

Теннисист Медведев может спуститься на пятое место в ATP после "Мастерса" в Риме

Виктория Азаренко пробилась в четвертьфинал турнира WTA в Риме

Moscow.media

Танцы с ветром....

«Биржа грузоперевозок ATI.SU» запустила сервис «Выгодные направления»

Дмитрий Бикбаев готовит премьеру театрального проекта, основанного на личных переживаниях

Завершена надвижка моста в Нагатинском затоне







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *