Ysraýyl Gazanyň ikinji uly şäherinde Hamasa garşy söweşýär
Ysraýylyň esgerleri Gaza zolagyndaky ikinji uly şäher bolan Han Ýunusda Hamas jeňçilerine garşy göreşýärler diýip, harbylar 6-njy dekabrda mälim etdiler. ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamasy terroristik gurama hökmünde ykrar edýär.
Ysraýylyň alyp barýan gury-ýer operasiýasynyň netijesinde onlarça müň palestinaly günorta tarap aşmaly boldy. Şeýle-de gumanitar hemaýat toparlary azyk, suw we beýleki serişdeleri eltip bilmeýärler.