Russiýada prezidentlik saýlawlary 17-nji martda geçer
Russiýanyň parlamentiniň ýokarky öýi, Federasiýa Geňeşi, nobatdaky prezidentlik saýlawlarynyň senesini 17-nji mart diýip kesgitledi.
Geňeş bu baradaky karary 7-nji dekabrda kabul etdi.
Premýer-ministr we prezident hökmünde 1999-njy ýyldan bäri häkimiýet başynda saklanyp gelýän Wladimir Putin, nobatdaky alty ýyl prezidentlik möhleti üçin saýlawlara gatnaşyp-gatnaşmajakdygyny entek yglan etmedi. Şol bir wagtda, onuň uly ähtimallyk bilen saýlawlara gatnaşjakdygyna garaşylýar.
Konstitusiýa girizilen üýtgetmeleriň netijesinde, ol saýlawlara gatnaşmak mümkinçiligine eýe boldy. Putin bilen bäsleşip biljek, häzire çenli güýçli dalaşgär orta çykmady.