Özbegistanyň ilatynyň ýarysy aşa semiz – barlaglar
Bütindünýä Saglyk guramasy bilen bilelikde geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, Özbegistan Respublikasynyň 18 ýaşdan, 64 ýaş aralygyndaky ilatynyň deň ýarysynda semizlik – artykmaç agram bar. Olardan 20 göterimi semizlikden ejir çekýär.
Barlaglar Özbegistanyň Sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygy we jemgyýetiň saglygyny goramak komiteti we Bütindünýä Saglyk guramasy tarapyndan bilelikde geçirildi. Alnan netijelere görä, 18 ýaşdan, 64 ýaş aralygyndaky tutuş ilatyň ýarysynda, artykmaç agram bar, olardan 20%-i bolsa semizlikden kösenýär.
Barlagda aýdylyşyna görä, Özbegistanyň ilatynyň aglaba bölegi (67%) gündelik ýeterlik derejede gök-bakja we miwe iýmeýär (400 gramdan az). Ilatyň 46%-niň ganynda холesteriniň mukdary ýokarlanypdyr.
Geçirilen barlaglaryň netijelerinden belli bolşuna görä, ilatyň ortaça duz ulanyşy her günde 14,9 grama barabar bolup, bu Bütindünýä Saglyk guramasynyň tekliplerinden 3 esse ýokary (günde 5 gramdan köp bolmaly däl) görkezijidir.
Ilat arasynda bedeni işjeň ýagdaýda saklamagyň hem-de wagtynda naharlanmagyň düzgünleriniň berjaý edilmeýändigini barlag geçiren gurama mälim etdi. Düzüminde duzy, gandy we ýagy ýokary bolan önümleriň aşa köp mukdarda iýilmegi, şeýle hem witaminleriň we minerallaryň ýeterlik derejede kabul edilmezligi birnäçe ýaramaz netijelere getirýär. Artykmaç agram ýaşlaryň ösüşiniň haýallaşmagyryna we aň-düşünjesiniň ösüşine ýaramaz täsir edýär. Uly ýaşly adamlarda bolsa semizlik dürli näsazlyklaryň, aýratyn-da ýürek-damar keselleriniň, endokriniň, düwnük-onkologiýanyň döremegine sebäp bolup, wagtyndan öň ölüme getirip biljek halatlary-da ýüze çykýar.
2021-nji ýylda Ferganada sebitiň baştutany welaýatyň ýaşaýjylarynyň agramyny azaltmak maksady bilen synag geçirýändigini yglan etdi. Häkim azaldylan agramyň kilogramyň öwezine pul tölenjekdigine söz berdi.
«Bu Fergananyň tejribesi bolar. Eger adam 5 kg. ýeňläp bilse, oňa 2,5 million sum bereris. Eger kim 10 kg. ýeňläp bilse, onda 5 million sum (460$) berilýär» diýip, şol döwürde häkim Haýrullo Bozorow aýtdy. Bu synagyň nähili tamamlanandygy we agramyny aýryp, horlanyp bilen raýatlara wada edilen pul sylaglaryň tölenendigi barada habar berilmedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.