Мы в Telegram
Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

“TMCELL” mobil operatory 70, 71 we 72-lik kod bilen başlanýan täze belgilerini işe girizýär

“TMCELL” mobil operatory 70, 71 we 72-lik kod bilen başlanýan täze belgilerini işe girizýär

Türkmenistanyň “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy müşderilere SMS ugradyp, 70, 71 we 72-lik kod bilen başlanýan täze belgilerini işe girizýändigini habar berýär diýip, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary geçen hepdäniň başynda, 27-nji noýabrda maglumat berdiler.

“Täze belgiler häzirlikçe diňe ozal öz adyna SIM kartlary bolmadyk adamlara satylýar” diýip, ulanyjylar aýdýar.

Şeýle-de, täze belgiler 4G ulgamynyň üsti bilen Internete baglanýar.

Bu täzelik Türkmenistanyň dürli sebitlerinde, hususan-da, soňky birnäçe aý bäri SIM kart gytçylygyna sezewar bolan müşderiler tarapyndan hoşallyk bilen kabul edildi.

“Bu täzelik ‘Altyn Asyryň’ taryhynda begençli waka boldy” diýip, bir müşderi aýdýar.

“Salam News” elektron neşiri 7-nji oktýabrda mobil aragatnaşyk kärhanasynyň 71-lik kod bilen başlanýan täze belgileri müşderilere hödürläp başlandygyny habar berdi.

Mundan ozal, bu kompaniýanyň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda 61, 62, 63, 64 we 65 kodlary bilen başlanýan telefon belgileri hereket edýärdi.

Ulanyjylar täze kodlar bilen başlanýan belgiler arkaly içerki serwerlerde bellige alnan Internet salgylaryna aňsat girilýändigini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, käbir ulanyjylar täze belgileriň üsti bilen VPN hyzmatlaryna baglanmagyň kynlaşandygyny aýdýarlar.

“Täze belgileriň üsti bilen Internet ulgamyna baglanyp, VPN hyzmatlaryndan peýdalanmaga synanyşan badyňa, Internet kesilýär, telefon doňýar we aragatnaşyk kesilýär” diýip, täze telefon belgisini alan bir ulanyjy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary soňky bir aýdan gowrak wagt bäri dürli ýurduň sebitlerinde SIM kartlary boýunça emele gelen gytçylygyň ýitileşendigini habar berdiler.

Oktýabryň ortalarynda paýtagt Aşgabatda SIM kartlarynyň satuwy çäklendirildi. Şondan bir hepde töweregi soň, aragatnaşyk kärhanasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki şahamçalarynda mobil telefon belgileriniň nobatlary 2024-nji ýylyň bahar aýlaryna çenli uzady.

Telefon belgileriniň gytçylygy gyzyşan mahaly, ýerli ulanyjylar öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň hödürleýän hyzmatlarynyň hilinden, Internetiň haýal tizliginden şikaýat etdiler.

Noýabryň başlarynda Mary welaýatynyň ýaşaýjylary öýjükli aragatnaşyk ulgamy arkaly diňe bir Internetiň tizliginde däl, eýsem, telefon jaňlaryny etmekde, SMS alyşmakda hem kynçylyklaryň döreýändigini aýtdylar.

Täze belgileriň işe girizilmegi bilen SIM kart nobatlarynyň aradan aýrylmagyna garaşylýar.

Bu aralykda, “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasy Aşgabatda noýabrda geçirilen iri aragatnaşyk forumynyň dowamynda özüniň eSIM (embedded-SIM) belgilerini, ýagny wirtual belgileri müşderilere hödürläp başlaýandygyny yglan etdi.

Ýöne Internetiň haýal tizliginden, mobil aragatnaşygyň pes hilinden, çäklendirmelerden we petiklemelerden ejir çekýän raýatlar ýurduň dürli sebitlerinde fiziki SIM belgileri kadaly hyzmat hödürläp bilmeýän mahaly, wirtual belgileriň hyzmatlaryna ikirjiňli çemeleşdiler.

eSIM kartlary köplenç soňky çykan smartfonlara, planşetlere, kompýuterlere we beýleki akylly ulgamlara ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň hökümeti ilatyň Internet aragatnaşygyny berk gözegçilikde saklamakda we onlaýn maglumat akymyny çäklendirmekde tankyt edilýär.

Resmi beýanatlarda ýurtda Internetiň berk çäklendirilmegi baradaky habarlar inkär edilýär. Resmiler umumy Internet ulanyjylarynyň agramly böleginiň mobil Internet hyzmatlaryndan peýdalanýandygyny aýdýarlar.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda häzirki wagtda 3 million 100 müňden gowrak internet ulanyjysy bar, şolaryň 2 million 700 müňden gowragy mobil internetden peýdalanýar.

“Altyn asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýurduň ýeke-täk mobil operatory bolup, bu kompaniýa ýurduň öýjükli aragatnaşyk ulgamynda monopoliýany saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Новосибирскую школьницу, изрезавшую одноклассницу, отправили на экспертизу в Москву

В Мытищах наградили лучших игроков, тренеров и специалистов хоккейной школы

Айсен Николаев подписал кадровые указы

Синоптики спрогнозировали в Москве до 20 градусов тепла и небольшой дождь 16 мая

Музыкальные новости

Пианист Мацуев: "Спартаку" нужно менять стратегию, чтобы бороться за чемпионство

В "Рексофт" рассказали, как развивается рынок ИИ-ассистентов в России

Новые городские проекты в сотрудничестве с парком Юрия Лужкова готовит Фонд Юрия Лужкова

Эвелина Блёданс: Солнечная сказка для солнечных детей

Новости России

Опубликованы кадры со взяткой главному кадровику Минобороны России. В чем его подозревают?

Миранчук вышел на замену в финале Кубка Италии во втором тайме

Музейный комплекс «Россия — моя история» проведет день открытых дверей

В Туле суд выпустил на свободу кавказца, который вместе с братом избил девушку

Экология в России и мире

Стало известно, куда неожиданно и массово устремились российские туристы на майские: это оказался вовсе не обычный курорт, а работающий по специальному закону

"Глория Джинс" открывает первые магазины Ready! Steady! Go!

Россия, Культура, Дети: конкурс на новую эмблему обьявил Театр Ульгэр в Республике Бурятия

Новая попытка азербайджанских вандалов исламизировать армянское культурное наследие в оккупированном Шуши

Спорт в России и мире

Медведев рассказал, как ударился головой перед матчем с Уиллисом на Уимблдоне в 2016 году

Свёнтек высказалась об акции протеста экоактивистов, выбежавших на корты Рима

Теннисист Медведев может потерять свое место в рейтинге ATP

Даниил Медведев одолел 121-ю ракетку мира Меджедовича и вышел в 1/8 финала Рима

Moscow.media

Столичные росгвардейцы задержали мужчин, подозреваемых в хранении наркотиков

«Байкал Сервис» открыл новый терминал на юго-востоке Москвы

Роботы-курьеры «Яндекса» будут доставлять заказы в ещё нескольких районах Москвы

Смонтированы пролеты четырех мостов на трассе Дюртюли – Ачит в Пермском крае







Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *

Спортивные новости от Sportsweek.org

Добавить новость - здесь

Copyright © 29ru.net
Powered by Cotonti