BMG “Talybanyň” Owganystanda adam hukuklary borçnamalaryny berjaý etmelidigini aýdýar
“Talyban” Owganystanda adam hukuklary boýunça borçnamalaryny ykrar etmeli we olary berjaý etmeli diýip, BMG-niň bu ýurtdaky missiýasy aýtdy.
10-njy dekabrdaky bu beýanat Adam hukuklary gününe we Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň 75-njy ýyl dönümine gabat çap edildi.
“Talyban” 2021-nji ýylda häkimiýeti ele geçireninden soň, ýurtdaky esasy azatlyklary we adam hukuklaryny berk çäklendirdi. Bu has köp aýallara we gyzlara ýaramaz täsir ýetirdi. Zenanlaryň jemgyýetdäki we gündelik durmuşdaky hak-hukuklary çäklendirildi. Bu halkara ýazgarmalary döretdi.
BMG-niň missiýasy “Talybanyň” adam hukuklary boýunça borçnamalary berjaý etmeýändigini belläp, ýurtda kazyýetden daşary öldürmeler, gynamalar, bidüzgünçilikler, köpçülikleýin jezalandyrmalar, eden-etdilikli tussag etmeler ýaly ýagdaýlaryň hasaba alnandygyny aýtdy.