Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Russiýada romaly aýalyň pyçaklanmagy sebäpli turan gozgalaňdan soň onlarça adam tussag edildi

Russiýanyň günortasynda 24-nji oktýabrda bolup geçen köpçülikleýin bidüzgünçiliklerden soň, Çelýabinsk şäherinden takmynan 35 km uzaklykda ýerleşýän Korkino şäherinde onlarça adam tussag edildi.


Bu bidüzgünçilik taksi sürüjisi bolup işleýän ýerli aýal pyçaklanyp öldürileninden soň başlandy. Merhumyň jesedi öz awtoulagynyň içinden tapyldy.


Korkinonyň ýaşaýjylary roma, ýagny sygan diasporasynyň agzalaryna degişli diýip bilinýän bir jaýyň golaýyna ýygnandylar we bu jenaýatda iki sany myhmanyň günäkärdigini aýtdylar.


Ýerli telegram kanallarynyň we şaýatlaryň habar bermegine görä, olar bu jaýy daşladylar we Molotow kokteýllerine tutdular.


Wakanyň bolan ýerine ýörite güýçler geldi we binanyň daşyny gabap, gaharly mähelläni bu ýerden kowup çykardy.


Şondan soň adamlar şäheriň beýleki ýerlerine ýaýradylar we syganlara degişli diýip bilinýän jaýlaryň ýene ikisine, birnäçe maşyna ot berdiler.


Çelýabinsk sebitiniň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi ýangynlaryň bölümiň işgärleri tarapyndan derrew söndürilendigini habar berdi.


Sebit häkimi Alekseý Teksler öz iki orunbasarynyň we Rus Gwardiýasynyň ýörite güýçleriniň bölümleriniň Korkino şäherine gidendigini aýtdy.


Ol ölen aýalyň maşgalasyna "kömek we goldaw" wadasyny berdi.


Ýerli “74.ru” neşiri roma diasporasynyň wekilleriniň goňşy Ýemanželinsk şäherine gidýändigini we azyndan 30 adamyň Korkino polisiýa bölümine äkidilendigini habar berdi.


Ýerli ýaşaýjylar tussag edilenleri goldamak üçin polisiýa bölümine hem barýarlar.


Habarlaryň birinde bu ganhorlyk bilen bagly 17 ýaşly bir ýigidiň tussag edilendigi aýdylýar.


Güman edilýän adam, aýdylmagyna görä, dawa ýüze çykan mahaly pida bolanyň awtoulagynda oturan ýolagçy bolup, ony döşünden azyndan dört gezek pyçaklapdyr.


Derňew komitetiniň sebit bölümi ol ýetginjegiň bu jenaýata bolan gatnaşygynyň entek tassyklanmandygyny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *