Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Talyplar aýallaryň Owganystanda Kurhany sesli okamagyny we başga aýallaryň ýanynda namaz okamagy gadagan etdi

Owganystanda haýyr-sahawaty goldamak we ýaramaz işleriň öňüni almak ministrligi aýallara Kurhany Kerimi sesli okamagy we başga aýallaryň ýanynda namaz okamagy gadagan etdi. Täze gadagançylygy edaranyň ýolbaşçysy Mohammad Haled Hanafi yglan etdi diýip,  Amu telewideniýesi habar berdi.


2024-nji ýylyň awgustynda Owganystanda 35 maddadan ybarat bolan kanun kabul edildi. Kanundaky beýleki gadagançylyklar bilen birlikde, aýallara köpçülik ýerlerinde geplemek we adamlar arasynda ýüzi açyk gezmek gadagan edýär. Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, täze gadagançylyklar ýaramaz işlere garşy göreşmek we haýyr-sahawatly ýagşylygy goldamak maksady bilen kabul edilipdir.


"Maşgalasynyň ýeke-täk ekleýjisi bolan aýallar nädip çörek satyn alyp, lukmançylyk kömegini sorap biler ýa-da sesini çykarman, olar nädip ýaşap biler?" diýip, aýallaryň hukuklary ugrundaky hereketiň aktiwistleriniň biri telewideniýä mälim etdi.


Kanunyň 13-nji maddasyna laýyklykda, aýal sesi erbetlige deňeşdirilýär. "Talyban" aýallaryň sesini "golaýlaşmak" atlandyryp, aýallara köpçüligiň öňünde aýdym aýtmagy, jemgyýetçilik ýerlerinde geplemegi ýa-da sesli okamagy gadagan etdi. Bularyň ählisini öz öýünde etmäge rugsat berilýär, ýöne diňe sesiň daşarda eşidilmezlik şerti bilen.


"Talyban" 2021-nji ýylyň awgustynda häkimiýete gelende, aýallaryň hukuklarynyň nazarda tutuljakdygyna söz berdi, emma tiz wagtdan çäklendirmeler girizip başlady. Talyplar 20 ýyl dowam eden Aýallaryň işi baradaky ministrligi ýatyrdylar, gyzlaryň mekdebe gatnamagyny çäklendirdiler, gyzlara uniwersitetlerde okamagy gadagan etdiler, olara döwlete garaşly bolmadyk guramalarda işlemek we sport bilen meşgullanmak hem gadagan edildi. Telewideniýe gepleşikleri alyp baryjylar hökmany suratda hijaply çykyş etmeli.


"Talybanyň" hökümdarlygynyň iki ýylynda, Owganystanda durmuş nähili üýtgedi?






Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *