Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Abhaziýadaky protestler adatdan daşary howpsuzlyk ýygnagynyň çagyrylmagyna sebäp boldy

Moskwa tarapyndan goldanýan sebitiň paýtagtynda Suhumide tussag edilen bäş aktiwist bilen baglanyşykly başlanan protestlerden soň, Abhaziýanyň lideri Aslan Bžania Gürjüstanyň bölüniji sebitiniň Howpsuzlyk geňeşiniň adatdan daşary ýygnagyny çagyrdy.


Uly gurluşyk meýilnamalaryna garşydyklaryny aýdan bäş aktiwist Suhumide, sebit mejlisiniň daşynda bir kanun çykaryjy bilen bolan çaknyşykdan soň tussag edildi.


Baş prokuror Adgur Agrba bu bäş adamyň "adatdan daşary mejlisden soň mejlis binasynyň howlusynda bir kanun çykaryja garşy bikanun hereket edendigini" aýtdy.


Ýakalşmanyň wideosyny çap eden telegram kanallary kanun çykaryjynyň adynyň Almas Akaba bolandygyny habar berdiler.


Tussag edilen we soňra ýerli howpsuzlyk gullugynyň binasyna äkidilen bäş adam - Omar Smiri, Gari Kokaia, Almashan Ardzinba, Ramaz Jopua we Aslan Gwaramia baradaky habar 11-nji noýabr güni giçlik sosial ulgamlarda çalt ýaýrap, aktiwistleriň eltilen binasynyň daşynda dörän özakymlaýyn protestlere sebäp boldy. Bu protestler soň Suhuminiň merkezine hem baryp ýetdi.


Agrba diňe dört adamyň adyny agzap, Gwaramiýanyň tussag edilendigini inkär etdi.


Tussag edilen aktiwistleriň boşadylmagyny talap edýän demonstrantlar Gumisti we Kodori köprülerini, awtoulag ýoluny petiklediler. Kodori köprüsiniň petiginiň biraz soň açylandygy habar berildi.


Abhaziýa we Günorta Osetiýa 1990-njy ýyllaryň başynda, Sowet Soýuzy darganyndan soň, Gürjüstanyň dolandyryşyndan bölünip aýryldy.


Rus güýçleriniň 2008-nji ýylyň tomsunda Tbilisiniň Günorta Osetiýany yzyna almak üçin eden synanyşygyna gaýtawul bermegi hem-de Gürjüstanyň ýeňilmegi bilen tamamlanan bäş günlük uruşdan soň Moskwa bu iki sebitiň garaşsyzlygyny ykrar etdi.


Köp ýurt Abhaziýany şindi hem Gürjüstanyň bir bölegi hasaplaýar we özbaşdak ýurt hökmünde ykrar etmeýär.


Abhaziýanyň resmi habar gullugy "Apsnipress" Bžanianyň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini "respublikanyň awtoulag ýolunyň bikanun petiklenmegine getiren ýagdaý" sebäpli çagyrandygyny habar berdi.


Habarda aýdylmagyna görä, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary Bžania "bikanun hereketleriň öňüni almak üçin nähili çäreleri görjekdikleri" barada hasabat berdiler.


Oppozisiýadaky Halk agzybirligi forumy partiýasynyň lideri Aslan Bartsits oppozisiýa aktiwistleriniň Russiýa bilen Abhaziýanyň täzelikde gol çeken maýa goýum işleri ylalaşygyna garşy protest bildirýändigini aýtdy.


Bu ylalaşyk rus firmalaryna bölüniji sebitdäki gurluşyk taslamalaryna maýa goýmak hukugyny berýär.


Abhaz oppozisiýasy bu ylalaşyga garşy we 15-nji noýabrda, onuň mejlisde tassyklanjak gününde protest geçirmegi meýilleşdirýär.


Russiýanyň howpsuzlyk gulluklary bilen ilteşikli telegram kanaly aktiwistleriň Abhaziýada köpugurly toplumlaryň gurulmagyna garşy çykýandyklaryny aýtdy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *