Türkmenistan hasabat bermegiň sanly platformasyny işe girizýär
Habarda sbr.stat.gov.tm web-saýtyndaky hyzmatyň resminamalary statistika edaralaryna barman ibermek mümkinçiligini berýändigi aýdylýar.
Statistika baradaky döwlet komiteti 19 edarany we 2 bölümi, welaýatlardaky we Aşgabat, Arkadag şäherindäki Baş statistika edaralaryny özünde jemleýär diýip, resmi habarda bellenýär.
Bu platforma Türkmenistanyň sanly ulgama geçmeginde we ykdysady ösüşinde “düýpli öňegidişlik” hökmünde häsiýetlendirilýär.