Türkmen türgeni söweş sambosy boýunça dünýä çempiony boldy
Üç günlük ýaryşa 80 ýurtdan 470 töweregi türgen ýygnandy.
Muminjan Arzikulow 71 kilograma çenli agramdaky 24 türgeniň bäsleşigine gatnaşyp, dünýä çempiony boldy.
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyndaky sport mekdebinde tälimçi bolup işleýän Muminjan Arzikulow 10 ýyldan gowrak wagt bäri sambo bilen meşgullanýar.
Ol geçen ýyl Gyrgyzystanda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal gazanypdy.