Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenabatlylar dört gün bäri suwsuz kösenýär

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabat şäheriniň tas ähli etrabynda 16-njy noýabrda irden sagat 7-de ilatyň agyz suw üpjünçiligi kesildi.


Şondan bäri käbir etrapçalarda suw üpjünçiligi dikeldilen bolsa-da, şäheriň köp ýaşaýjysy heniz-de suwsuz kösenýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji noýabrda sebitden maglumat berdi.


“Suw üpjünçiliginiň duýdansyz kesilmegi bilen, şäher ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşyny juda bökdeýär. Häzir, hususan-da, hajathana we ýuwunmak meselesinde örän kynçylyk kynçylyk döredi” diýip, şäher ýaşaýjysy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.


Suwuň kesilmegi netijesinde, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyş ulgamlary hem işlemegini bes etdi. Bu bolsa, howanyň temperaturasynyň gijelerine 3 gradusa çenli aşaklaýan şu günlerinde ilatyň ýylynmak meselesinde kynçylyk döredýär.




18-nji noýabrda gije sagat 11 töwereginde Türkmenabadyň käbir etrapçalarynda suw üpjünçiligi çäkli möçberde dikeldildi. Bu etrapçalaryň arasynda 3-nji kwartal, 1 we 2-nji etrapçalar, 347-nji kwartal, Ýüpek egrijiler etrapçasy bar.


“Krantdan gelýän suwuň basyşy gaty pes. Suw köp gatly jaýlaryň diňe ikinji gatyna ýetýär. Ondan ýokarky gatlaryň ýaşaýjylary heniz-de suwsuz kösenýär” diýip, suw üpjünçiligi dikeldilen etrapçalaryň biriniň ýaşaýjysy aýtdy.


Şol bir wagtda, şäheriň aglaba ýaşaýjysy heniz-de suwsuz galýar. Şäheriň Himik, Ürgenji, Himikler köşgi etrapçalarynda, şeýle-de adminstratiw taýdan Çärjew etrabyna degişli, emma Türkmenabadyň içinde ýerleşýän Uçgun obasynda ilatyň suw üpjünçiligi heniz-de dikeldilmedi.


Şäheriň suw üpjünçilik edarasynyň işgärleri özlerine ýüzlenýän ýaşaýjylara suwuň kesilmeginiň “şäheriň önümçilik zolagyndan ‘Zergär’ etrapçasyna uzaýan ýerasty suw geçiriji turbanyň we himiýa zawodynyň çägindäki uly suw geçiriji turbanyň ýarylmagy bilen baglanyşyklydygyny” aýdýarlar.


“Bu bir gaýragoýulmasyz ýagdaý, howsala düşmegiň geregi ýok. Ýakyn wagtda suwuň üpjünçiligini dikelderis” diýip, türkmenabatly suw üpjünçilik edarasynyň işgäriniň telefon arkaly aýdan sözlerini sitirleýär.


Şäheriň önümçilik zolagynyň we “Zergär” etrapçasynyň ençeme ýaşaýjysy sebitde ýerasty suw turbalarynyň ýarylandygyny tassyklap, birnäçe gün bäri bu ýerde bejeriş işleriniň amal edilýändigini aýtdy.




Türkmenabadyň häkimligindäki çeşmämiz şäheriň gurply hojalyklaryň ýaşaýan etrapçalarynda ilatyň öz hasabyna ýerasty turbalary täzeländigini, emma beýleki etrapçalarynda ýagdaýyň gözgynydygyny aýdýar.


“Şäheriň beýleki etrapçalaryndaky ýerasty turbalar täzelenmese, turbalaryň ýarylmagy bilen bagly ýagdaýlar dowam eder. Bu işler üçin Aşgabatdan iberilýän maliýe kömegi ençeme ýyllardan bäri gelmesine seredende az gelýär. Gelen maliýe serişdesi hem ogurlanýar” diýip, çeşmämiz belledi.


Azatlyk bu ýagdaýlar barada şäheriň suw üpjünçilik edarasyndan we häkimliginden teswir alyp bilmedi.


Türkmenistanda ýaşaýjylar ýerasty suw geçiriji turbalarynyň ýarylmagy we suw üpjünçiliginiň kesilmegi ýaly hadysalar bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarlar.


Geçen aýyň 14-de Türkmenabatda ýagan güýçli ýagyş ýaşaýyş jaýlarynyň suw üpjünçiliginiň sandan çykmagyna getirdi. Agyz we lagym suwlarynyň turbalary şäheriň birnäçe ýerinde ýaryldy.


Onýyllyklaryň dowamynda gurluşyk pudagyna milliardlarça dollar harçlaýan Türkmenistanda ýerli gurluşyk we suw hünärmenleri häkimiýetleriň aglabasy sowetler döwründe gurlan, düýpli abatlaýyş işlerine mätäç köne desgalary bejermek üçin ýeterlik maliýe serişdesini goýbermeýändigini aýdyp gelýärler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *