Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Maryda günebakar ýagynyň çäkli satuwy ýola goýuldy, Lebapda ilatyň nägileligi “artýar”

Türkmenistanda ilata bazar nyrhyndan arzan satylýan ösümlik ýagynyň üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikler saklanyp galýar. Mary welaýatynda günebakar ýagy ilata çäkli möçberde satylýar.


Lebap welaýatynda bolsa, ýag gytçylygynyň fonunda, hökümete tarapdar neşirde azyk önümleriniň arzanlandygy barada çap edilýän maglumatlar, ilat arasyndaky nägileligi güýçlendirýär.


“Anna gününden, ýagny 22-nji sentýabrdan başlap Mary şäherinde her adam başyna bir guty günebakar ýagy satylyp başlandy. Bahasy 18 manat bolan ýag ýük ulagynda getirilip, iki sagada ýetmän satylyp gutarýar” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň 25-nji noýabrda sebitden beren maglumatyna görä, nobata durýan adamlaryň sany diýseň kän. Adamlar daňdan sagat 5-de ýygnanyşyp başlaýarlar.




Ýag, şäheriň Mollanepes köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Gök bazaryň” ýerzemininde, Gurbansoltan eje köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Merw” söwda merkeziniň döwlet dükanynda satylýar.


"Bu dükanlaryň öňündäki nobatlarda golaý-goltumdaky etraplardan, hat-da daş etraplardan mikroawtobus tutup gelen adamlary hem görse bolýar” diýip, şäher ýaşaýjysy anonimlik şertde gürrüň berdi.


Nobatlara Milli howpsuzlyk ministrliginiň we polisiýa işgärleri gözegçilik edýärler.


Polisiýa, öňki ýyllarda bolşy ýaly, adamlaryň özara uruş-dawalarynyň öňüni almaga çalyşýar. MHM bolsa, raýatlaryň wideo we surata düşürip, olary Internet platformalarynda paýlaşmazlygyna gözegçilik edýär.


“Şeýdip halky kösemän, bazarlarda we dükanlarda aç-açan 18 manatdan günebakar ýagy satylsa bolmaýarmyka? Ýagy gymmatladyp, 30 manat etmek nämä gerek? diýip, adamlar nobatlarda öz aralarynda aýdyşýarlar” diýip, ýaşaýjy belledi.


Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda bazarlarda we hususy söwda nokatlarynda 17 manatdan bahalanan günebakar ýagynyň bir litriniň bahasy birden 30 manada ýokarlandy.


Sentýabryň ahyrynda bolan tas iki esse çemesi ýokarlanma sarp edijileriň bazar sebedine agram saldy.


Şondan soň häkimiýetler döwlet dükanlarynda we käbir söwda nokatlarynda günebakar ýagynyň satuwyny çäkli möçberde 18 manatdan wagtal-wagtal ýola goýup başlady.


Ýöne şu aýyň başyndan bäri onuň satuwda örän seýrek tapdyrmagy ilat arasynda nägileligiň artmagyna getirýär. Ýag nobatlarynda adamlaryň arasynda dartgynlylyk artýar we käte olarda ýakalaşyklar hem bolýar.




Häkimiýetler ýagyň gymmatlamagy, onuň çäkli möçberde ýola goýlan arzan söwdasy we munuň bilen bagly ýüze çykýan ýagdaýlar barada ilata aç-açan düşündiriş bermän gelýär.


Bu barada resmi media hem dymýar. Ýöne prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji noýabrda ýurduň söwda toplumynda kadr çalşygyny geçirdi. Muňa garamazdan, ýagdaý öňküligine galýar.


Bu aralykda, hökümete tarapdar “Jeýhun news” neşiri Lebabyň bazarlarynda, sentýabr aýy bilen deňeşdirilende, oktýabr aýynda azyk önümleriniň bahasynyň arzanlandygyny habar berýär.


“Sebitde iň uly arzanlaýyş limonda göze ildi. Limonyň bahasy geçen aýda sentýabr aýyndaka seredeniňde 14,71 göterim arzanlady. Şeýle hem oktýabr aýynda sebitde bahalar käşir boýunça 5,19 göterim, orta däneli tüwi boýunça 3,45 göterim, süýt boýunça 3,23 göterim peseldi” diýip, “Jeýhun news” welaýat neşirinde ýerleşdirilen makala salgylanyp, 22-nji noýabrda ýazdy. Ýöne saýtda harytlaryň anyk nyrhlary boýunça görkezijiler aýdylmaýar.


Bu habar, ýag gytçylygynyň we bazarlarda azyk önümleriniň gymmatçylygynyň arasynda, ilatyň nägileligini güýçlendirýär.


“Hökümetde utanç galmandyr, ilata ýalan maglumat berýär. Saýtda diňe limon barada aýdylan habar dogry. Galan önümleriň bahalary öňküligine saklanýar. Gaýtam, degişli döwürde gymmatlan harytlar bar. Meselem, soganyň bir kilogramy 5 manatdan 6 manada, margarin 5 manatdan 8 manada, kädi 3 manatdan 10 manada, sarymsak 10 manatdan 55 manada gymmatlady” diýip, 374-nji kwartalyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde aýtdy.


Habarçymyz Türkmenabatda, Çärjew, Dänew we Saýat etraplarynda ýag we subsidirlenen önümleri satýan hökümet dükanlarynyň öňünde döreýän nobatlarda günde-günaşa ýakalaşyklaryň bolýandygyny hem belleýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *