Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gürjüstanyň öňki prezidenti Saakaşwiliniň türme möhleti 12,5 ýyla çykaryldy

Tbilisiniň şäher kazyýeti Gürjüstanyň tussaglykdaky öňki prezidenti Mihail Saakaşwilini ýurduň serhedini bikanun kesip geçmekde günäli tapdy we onuň türme möhletini goşmaça dört ýyl alty aý möhlet bilen uzaltdy.

Saakaşwili onsuzam öňki kesilen işler boýunça dokuz ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edilipdi. Tbilisi şäheri kazyýetiniň kazysy Mihail Jinjolia öňki prezidenti jemi 12 ýyl alty aý möhlet bilen gözenege höküm etdi.

Kazynyň çykaran kararyna laýyklykda, Saakaşwili indi 2034-nji ýylyň 1-nji apreline çenli tussaglykda galar.

Ol Tbilisidäki Wiwamedi klinikasyndan wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan aýrybaşga kazyýet diňlenişiginde täze hökümi berk ýazgardy.

“Bu karar meni türmede çökertmegi, fiziki taýdan ýok etmegi maksat edinýär” diýip, ol aýtdy.

Ol gözenegiň aňyrsynda hem, öli halda hem özüniň öz syýasy garşydaşlary üçin wehim bolmagynda galjakdygyny aýtdy.

“Siz azat Gürjüstan düşünjesini ýa-da Saakaşwili ruhuny ýok edip bilmersiňiz. Biz göreşýäris we biz ýeňeris” diýip, öňki prezident jar etdi.

Saakaşwili gürji häkimiýetleri tarapyndan gözlenýärdi we birnäçe ýyl sürgünlikde bolup, 2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda gizlinlikde Gürjüstana dolanypdy. Şondan iki gün soňra, 1-nji oktýabrda ol tussag edildi, prokurorlar oňa garşy serhedi bikanun kesip geçmekde günä bildirdi.

Geçen hepdede, Tbilisiniň şäher kazyýetiniň kazysy Badri Koçlamazaşwili Saakaşwilini döwletiň uly möçberlerde maliýe serişdelerini ogurlamakda günäli tapyp, goşmaça dokuz ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etdi. Kazy Saakaşwiliniň bu hökümi özüniň häkimiýetden hyýanatly peýdalanmak boýunça ozaldan bäri ýerine ýetirýän alty ýyllyk türme möhleti bilen bir wagtda ýerine ýetirmegi barada karar çykardy.

2003-2013-nji ýyllar aralygynda Gürjüstanyň prezidenti bolan Saakaşwili özüne garşy bildirilýän ähli günäleri yzygiderli ret edip gelýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *