Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Litwada ýitirim bolan dört amerikan esgeriniň üçüsi öli tapyldy

Litwada harby türgenleşikler mahaly ýitirim bolan dört amerikan esgeriniň üçüsi öli tapyldy. Dördünji harby gullukçynyň gözlegleri dowam edýär. Bu barada Birleşen Ştatlaryň ýaragly güýçleriniň Ýewropadaky we Afrikadaky serkerdeligi mälim etdi.

Beýanatda Litwanyň ABŞ-nyň ygrarly ýaranydygy bellenilýär, şeýle-de ýiten esgerleri gözlemek işleri üçin litwaly we polşaly harbylara minnetdarlyk bildirilýär. Harby gullukçylar dikuçarlar, dronlar we gury ýer güýçleri arkaly gözlendi.

“M88 Herkules” sowutly ulagy Litwanyň Belarus bilen serhediniň golaýyndaky Pabrade harby tälim meýdançasynda başlanan halas ediş operasiýasyndan alty gün soň, 31-nji martda, irden tapyldy.

Soňundan harby ulagyň kesgitlenen ýoldan çykyp, kartalarda görkezilmedik bir batgalykda gark bolandygy anyklandy. NATO-nyň baş sekretary Mark Rýutte Warşawa eden saparynyň dowamynda, ekipažyň heläk bolandygyny mälim etdi; emma mundan öň amerikan serkerdeligi ýitirim bolan harbylaryň ykbaly barada resmi taýdan hiç zat aýtmandy.

Pabrade poligony Litwa bilen Belarusyň serhedinden birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ýitirim bolan esgerler meýilleşdirilen taktiki taýýarlygy geçýärdiler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *