Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Eýran Trampyň “bombalamak” haýbatyndan soň, berk gaýtawulyň beriljekdigini aýdýar

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň eger-de Tähran ýadro programmasy boýunça gepleşikleri geçirmekden ýüz öwürse, onda “bombalamalaryň boljakdygy” baradaky duýduryşyna jogap edip, muňa “berk” gaýtawulyň beriljekdigini aýtdy. Bu iki ýurduň arasyndaky barha ýitileşýän ritorika boýunça artýan aladalara gabat geldi.

Tramp Eýrana täze sanksiýalardan we nyrhlardan başlap, harby herekete çenli çäre görmek haýbatyny atdy. Hameneýi 31-nji martda Eid Al-Fitr dabarasy boýunça geçirilen üýşmeleňiň dowamynda, Birleşen Ştatlar tarapyndan amala aşyrylan islendik hüjüme “berk garşylygyň beriljekdigini” aýtdy.

Şol bir wagtda, eýran lideri “daşardan hiç hili erbetlige garaşmaýandygyny” hem sözüne goşdy.

Tramp Ak tama dolanandan soň, onuň administrasiýasy Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüniň alynmalydygyny gaýta-gaýta aýtdylar. Şeýle-de, eger Tähran Trampyň tekliplerini ret etse, bu ýagdaýda harby hereketlere hem garalýandygyny duýdurdylar.

Eýran özüniň ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilendigini öňe sürüp gelýär, şol bir wagtda-da eýranly resmiler, ABŞ bilen dartgynlylyklaryň artmagy bilen, ony ýarag önümçiligine gönükdirip biljekdikleri bilen hem haýbat atýarlar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *