Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Eýran Trampyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly göni gepleşik çagyryşyny ret etdi

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Eýran bilen ýadro programmasy boýunça göni gepleşikleri geçirmek teklibini ret etdi. Bu çykyş, Trampyň Tähran bilen göni gepleşiklere çagyran beýanatyndan birnäçe gün soň geldi.

Eýranyň Daşary işler ministrligi tarapyndan 6-njy aprelde ýaýradylan beýanatda Aragçi, Eýranyň Waşington bilen diňe göni bolmadyk gepleşiklere taýýardygyny aýtdy.

“Eýran ähli mümkin we ähtimal wakalara taýýardyr. Eýran diplomatiýa we gepleşiklerde nähili çynlakaý bolsa, milli bähbitlerini we özygtyýarlylygyny goramakda hem şeýle çynlakaýdyr” diýip, ol nygtady.

Aragçiniň bu çykyşlary, Trampyň “araçylarsyz göni gepleşikleriň has çalt we düşnükli bolýandygyny” aýdyp, Tährany göni gepleşiklere çagyrmagyndan üç gün soň ýaýradyldy.

Geçen aý, Tramp Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýe hat iberip, gepleşikleriň başlanylmagyny teklip edipdi we diplomatiýanyň şowsuz bolmagy ýagdaýynda harby çäreleriň ähtimallygyny duýdurypdy.

Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian bolsa, 5-nji aprelde eden çykyşynda, Tähranyň “deňhukukly esasda” gepleşik geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Eýran 2015-nji ýylda ABŞ, Fransiýa, Hytaý, Russiýa, Britaniýa we Germaniýa bilen taryhy ylalaşyk baglaşypdy. Bu Köpugurly Ýadro Ylalaşygy hökmünde tanalan ylalaşyk Eýranyň ýadro işlerini çäklendirýärdi we ýurduň ykdysadyýetine salnan agyr sanksiýalaryň ýeňilleşdirilmegini göz öňünde tutýardy.

Ýöne Trampyň birinji prezidentlik möhletinde ABŞ bu ylalaşykdan çykyp, Eýrana garşy ykdysady basyşy täzeden güýçlendirdi.

Tähran Günbatar döwletleriniň Eýranyň ýadro ýaragyny döretmek isleýändigi baradaky aýyplamalaryny ret edýär we öz programmasynyň diňe parahatçylyk maksatlara, şol sanda elektrik öndürmek ýaly raýat ulanyşlaryna gönükdirilendigini nygtaýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *