Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Lebapda ýaşaýjylardan çagalaryna 'arassa türkmen atlaryny' dakmak talap edilýär

Türkmenistanyň gündogar welaýatynda ýaşaýjylardan çagalaryna at dakylanda diňe türkmen milli atlaryny saýlap almak talaby berk berjaý edilip başlapdyr. Azatlygyň habarçylaryna belli bolan ýagdaýlar hususan-da, döwlet edaralarynda işleýänlere we kiçi telekeçilere degişli.

Türkmenabat şäherindäki döwlet edarasynyň işgärleriniň Azatlyga gürrüň bermegine görä, edara ýolbaşçylary çaga garaşýan işgärlerden çagasyna goýuljak adyň öňünden tassyklanmagyny talap edýärler. Eger-de at “türkmen atlary” sanawyna girmeýän bolsa, ol ady goýmazlyk “maslahat” berilýär.

Azatlyga elýeterli bolan maglumatlara görä, käbir döwlet edaralarynda maslahat berilýän "türkmen atlarynyň sanawy" düzülipdir. Bu sanawda Atamyrat, Gurbangeldi, Sahyjan, Mahymgül, Söýgül, Täçberdi, Begmyrat ýaly onlarça at görkezilýär. Ýöne beýleki ýurtlarda ýa-da dünýäde giňden ulanylýan atlar bu sanawda ýok.

Lebap welaýatynda şeýle basyş bilen, hususan-da, býujet işgärleri we hususy kiçi biznes wekilleri ýüzbe-ýüz bolupdyr.

Ýerli häkimiýetler tarapyndan “arassa türkmen atlaryny” saýlamak diýlip atlandyrylýan bu talaby ýerli ýaşaýjylar çagasyna öz saýlan adyny dakmakçy bolanda bilip galýarlar.

“Çagamyza Alan diýip at goýmakçy bolduk. Emma ýolbaşçy 'Alan näme? Şu ýerde türkmençeligi görkezmeli. Alan at däl, goýuň Berdimyrat ýa Amanmyrat ýaly ady' diýip, berk aýtdy. Goýmaly bolduk. Sebäbi garşy çyksak, işe täsir eder” diýip, adynyň efirde tutulmazlygyny soran türkmenabatly býujet işgäri gürrüň berdi.

Döwlete degişli bolmadyk hususy işewürler, şol sanda kiçi telekeçilik bilen meşgullanýan raýatlar hem çagalaryna goýulýan atlary sebäpli dürli kynçylyklara duçar bolupdyr. Ýerli häkimiýet wekilleri täze doglan çagalaryň şahsyýetnamalaryny bellige alýan döwlet edaralarynda käbir atlaryň ýazylmagyna garşy çykýarlar.

'Türkmen ady gerek'“Bir tanyşym ogluna Zafar adyny goýmakçy boldy. Emma bellik bölüminde 'bu at türkmen ady däldir' diýip ýazmadylar. 'Türkmen ady gerek, başgaça edip bolmaz' diýdiler. Ahyrynda olar hem adyny Myrat diýip üýtgetmeli boldular” diýip, lebaply hususy dükan eýesi gürrüň berdi.

Lebaply çeşmeleriň sözlerine görä, ýerli häkimiýetler türkmen çagalaryna has hem beýleki milletleriň atlarynyň dakylmagyna garşy çykýarlar.

Türkmenabatda ýaşaýan ýaş ene täze doglan gyzyna Nargiza adyny goýmak isläpdir. Emma ýaşaýyş ýerindäki ZAGS işgärleri bu ada garşy çykypdyrlar.

“Türkmen gyzynyň ady Nargiza bolmaz. Meniň özümem şeýle goýmazdym. Özüňiz bilýäňiz, ýokardaky görkezmeleri” diýip türkmenabatly ýaşaýjy öz garyndaşynyň ýagdaýyny gürrüň berdi.

Şu aýda ýurduň milleti özbek raýatlarynyň öz çagalaryna milli özbek atlaryny dakmakda kynçylyk çekýändigi belli boldy. Azatlygyň habarçylary Lebapda häkimiýetleriň çagalaryň atlarynyň dokumentlerde türkmenleşdirilen görnüşde ýazylmagyny talap edýändigini habar beripdi.

Raýatlaryň çagalaryna öz islegi boýunça at saýlamak hukugynyň çäklendirilmegi bilen bagly bu ýagdaýyň diňe bir Lebap welaýatynyň häkimiýetleriniň inisiatiwasymy ýa-da döwlet tarapyndan ýöredilýän syýasatyň bir bölegimi belli däl. Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň we Türkmenabat şäheriniň häkimiýet wekillerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.

Häkimiýet edaralaryndaky çeşme bu çäräniň hökümetiň “milletiň ruhy arassalygyny goramak” taglymatynyň çäginde alnyp barylýandygyny Azatlyk Radiosyna anonimlik şertinde aýtdy.

Türkmenistanda birnäçe ýyl bäri türkmenleşdirme syýasaty alnyp barylýan. Döwlet edaralarynda we okuw jaýlarynda diňe türkmen geýimlerini, türkmen tahýasyny geýmek talap edilýär, toýlarda türkmen aýdymlaryny aýtdyrmak ýaly talaplar dilden edilýär.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanlylar raýatlaryň şahsy durmuşyna gözegçiligiň güýçlenmeginden nägile bolýarlar.

“Häzirki wagtda türkmençilik ady bilen her bir raýatyň şahsy kararyna döwlet gatyşýar. Bu, esasanam ene-atalaryň çagalaryna at saýlamakdaky konstitusion hukugynyň bozulmagydyr” diýip, türkmenabatly býujet işgäri aýdýar.

Milli at meselesine Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda döwlet tarapyndan üns berilýär. Täjigistanda atlaryň millileşdirilmegi, şol sanda familiýasyndan rus goşulmalaryny aýyrmak talaby kanunda görkezilýär. Emma bu talap diňe milleti täjik raýatlardan edilýär.

Türkmenistanyň kanunlarynda raýatlaryň öz çagalaryna at saýlamagyna we milli atlary ulanmak talabyna degişli düzgünler göz öňünde tutulmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *