Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistandan Azerbaýjana, Russiýa eksport edilen pomidorlarda howply wirus ýüze çykaryldy

Türkmenistandan Azerbaýjana getirilen pomidorlarda howply wirus ýüze çykarylandan soň, olaryň ýurduň içerki bazaryna goýberilmegi gadagan edildi.

1news.az neşiriniň 21-nji apreldäki maglumatyna görä, meýilleşdirilen barlaglaryň çäginde 56 tonna import edilen pomidorlardan nusgalar alyndy we laboratoriýa barlaglarynyň netijesinde zyýanly ‘Tomato brown rugose fruit virus’ wirusy ýüze çykaryldy.

Geçen hepde Russiýanyň Ýekaterinburg şäheri boýunça Rosselhoznador edarasy, şol sanda Türkmenistandan getirilen pomidorlarda ýokarda agzalan wirusyň ýüze çykarylmagy sebäpli, bu önümi ýurduň çägine goýbermedi.

Apreliň başynda Rosselhoznadoryň Orenburg oblasty boýunça edarasy Türkmenistandan getirilen, umumy agramy 36 tonna barabar dört tapgyr pomidorlarda, howply karantin organizmleriniň tapylmagy zerarly, olaryň getirilmegini gadagan etdi.

Türkmenistandan daşary ýurtlara eksport edilen pomidorlarda zyýanly möjekleriň tapylýandygy barada ozal hem habarlar peýda bolupdy.

Türkmenistanyň oba hojalyk resmileri daşary ýurtlara eksport edilýän gök-bakja önümlerinde karantin organizmleriniň, şol sanda zyýankeş mör-möjekleriň, howply wiruslaryň tapylmagy baradaky habarlar boýunça beýanat bermeýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *