Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Hindistan bilen Pakistan arasyndaky gatnaşyklar birden ýitileşdi

Hindistan bilen Pakistan arasyndaky gatnaşyklar 22-nji aprelde Kaşmiriň Hindistanyň gözegçiligindäki sebitinde syýahatçylara edilen ýaragly hüjümden soň birden dartgynlaşdy. Kän bilinmeýän separatist topar tarapyndan amala aşyrylandygy aýdylýan bu hüjümde 26 adam heläk boldy. Hindistan hökümeti hüjümi terrorçylykly hüjüm diýip häsiýetlendirdi.

Kaşmir sebiti Hindistan bilen Pakistan arasynda dowam edýän territorial dawanyň merkezi bolup durýar. Kaşmiriň Hindistanyň dolandyryşyndaky sebitlerde hereket edýän separatist toparlar bu ýerleriň Pakistanyň doly gözegçiligine geçmeginiň tarapynda çykyş edýärler.

Hindistan hüjüm bilen baglylykda Pakistany gönüden-göni jogapkärçilikde tutmasa-da, hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan toparyň Pakistan bilen arabaglanyşygynyň bardygyny öňe sürdi. Hüjümi amala aşyran üç adamyň ikisiniň Pakistanyň raýaty bolandygy aýdylýar.

Hüjümden bir gün soň Hindistanyň ýolbaşçylary Pakistanyň raýatlaryna berlen wizalaryň hemmesini ýatyrmaga, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ýeke-täk serhet geçelgesini ýapmaga karar berdiler. Mundan başga-da, Hindistan Ind derýasynyň suw serişdelerinden peýdalanmak boýunça 1960-njy ýylda gol çekilen şertnamanyň ýatyrylýandygyny yglan etdi. Bu şertnama öňki ýyllarda bolup geçen uruşlara garamazdan, öz güýjünde galypdy.

Pakistanyň häkimiýetleri hem munuň ertesi güni Hindistanyň raýatlaryna berlen wizalaryň ýatyrylýandygyny habar berdi. Şeýle hem, Pakistan öz howa giňişligini hindi awiakompaniýalarynyň uçarlary üçin ýapdy we Hindistan bilen ähli söwda gatnaşyklaryny togtadýandygyny aýtdy. Mundan başga-da, birnäçe hindi diplomatynyň ýurtdan çykarylmagyna karar berildi.

Iki ýadro döwletiniň arasynda ýüze çykan bu soňky wakalar halkara jemgyýetçiliginde has-da çuňlaşýan krizisiň güýçlenmegi baradaky howatyrlanmalary döretdi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *