Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda ýene 231 raýatyň günäsi geçildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy dekabrda, Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli, iş kesilen we jezasyny çekýän tussaglaryň 231-siniň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi.

Günäsi geçilen raýatlaryň nähili jenaýat edendigi we kanunyň haýsy maddalary boýunça günäli tapylandygy anyklaşdyrylmaýar. Şeýle-de, olaryň berlen jezanyň näçe bölegini çekendigi, ýene näçe möhletiniň galandygy aýdylmaýar.

Şeýle-de, günäsi geçilen raýatlaryň atlary indi uzak wagt bäri metbugatda çap edilmeýär.

Adatça bolşy ýaly, günä geçiş hökümet mejlisiniň dowamynda yglan edilip, “eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigi” aýdyldy we bu hili “sahawatly çäreleriň geçirilip durulýandygy” bellendi.

Hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýurtdaky syýasy ýa-da wyždan bendisi hasaplanylýan bendileriň ykbalyna ünsi çekip, olaryň tussaglykdan boşadylmagyna çagyrdylar.

Azatlyk günäsi geçilen raýatlaryň arasynda syýasy bendi hasaplanylýan türkmenistanlylaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklap bilmeýär.

Bu şu ýyl yglan edilen köpçülikleýin günä geçişligiň dördünjisi bolup, 25-nji sentýabrda, Garaşsyzlyk güni mynasybetli, 225 raýatyň günäsi geçildi.

25-nji iýulda, Halkara parahatçylyk we ynanyşma ýyly mynasybetli, 247 raýatyň günäsi geçilen bolsa, 20-nji martda, Gadyr gijesi mynasybetli, 321 raýatyň günäsi geçildi.

Günäsi geçilen raýatlardan soň jeza öýlerinde näçe bendiniň galandygy, olaryň esasan haýsy jenaýatlarda aýyplanýandygy aýdylmaýar.

Geçen ýyl şeýle günä geçişler arkaly 1368 tussag azatlyga çykypdy.

Türkmenistan günäsi geçilen tussaglaryň soň iş bilen üpjün edilişi, şeýle-de, işsizlik, garyplyk zerarly, gaýtadan jenaýata baş goşýan raýatlaryň sany barada hiç zat aýtmaýar.

Türkmenistan sebitde ilatynyň jan başyna iň kän tussagly ýurtlaryň biri hasaplanýar.

Şeýle-de, türkmen türmelerindäki agyr şertleriň, keselçiligiň we tussaglara ýowuz çemeleşmegiň saklanyp galaýandygy aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *