Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Koronawirusyň bolandygyny boýun almadyk Türkmenistan ýurda barýanlardan COVID-19 barlagyny talap etmegi dowam etdirýär

COVID-19 bilen kesellänleriň öz giňişliginde düýpden bolmandygyny öňe süren tas ýeke-täk ýurt hasaplanýan Türkmenistan global pandemiýanyň ýatyrylanyna 2,5 ýyldan gowrak wagt geçen hem bolsa, daşary ýurtlardan gelenlerden koronawirus barlagyndan geçmegi talap etmegini dowam etdirýär. Emma Aşgabadyň halkara aeroportunda birnäçe ýyl bäri saklanýan bu barlag üçin alynýan töleg ýokarlanypdyr.

Ýurduň daşyndan gelenlerde koronawirusy anyklamak boýunça aeroportda geçirilýän barlaglaryň bahasy häzir 100 manat boldy, mundan öň 62 manatdy.

Aşgabadyň halkara aeroportunda soňky hepdelerde daşary ýurtlardan baranda koronawirus synagyndan geçmäge mejbur edilen birnäçe adamyň gürrüň bermegine görä, ýolagçylar howa menziline düşen badyna, ýörite nokada ugrukdyrylýar we PCR synagyndan geçmäge mejbur edilýär. Emma synagdan soň olara hiç hili resmi şahadatnama ýa-da barlag netijesini tassyklaýan resminama berilmeýär.

“Daşary ýurtdan gelýänleriň hemmesini PCR synagyna mejbur edýärler. 100 manat töledýärler, ýöne hiç hili kagyz bermeýärler. Gümrükden çykanyňda hiç kim soramaýar. Pul alýarlar, nusga alýan ýaly edip goýberýärler. Hatda käbirleri synagdan geçmän hem çykyp gidýär” diýip, ýakynda Türkmenistana baran türkmenistanly gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýolagçylar synag üçin alnan nusgalaryň soňradan barlanmaýandygyny, hatda zibil gabyna taşlanýandygyny görendiklerini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, ähli ýolagçylar geçensoň, işgärleriň nusgalary ýok edişi synaglaryň diňe formal häsiýetde geçirilýändigi baradaky şübheleri güýçlendirýär.

“Hemmäni geçirdiler, soň bolsa nusgalary zibile taşladylar. Käbir adamlar muny görüp, umumylykda synagdan ýüz öwürdi we geçip gitdi” diýip, türkmenistanly özüniň gören ýagdaýy barada gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol gümrük gözegçiliginden geçende, hiç bir işgär tarapyndan PCR synagynyň netijesiniň soralmandygyny belläp, käbir ýolagçylaryň hatda synagdan geçmän, töleg tölemezden howa menzilinden çykyp bilendiklerini aýtdy.

Aeroportdaky COVID-19 barlagy üçin töleg manatda alynýar, manady bolmadyk ýolagçylar howa menzilindäki alyş-çalyş nokatlarynda dollarlaryny döwlet tarapyndan kesgitlenen resmi nyrh boýunça — 1 dollary 3,5 manada çalyşmaly bolýarlar. Bu ýurtda dollaryň gara bazardaky bahasyndan 5 esse arzan.

"Bu nyrh bazar bahasyndan ep-esli pes bolup, ýolagçylar maliýe taýdan zyýan çekýär" diýip, ýene bir ýolagçy belledi.

“Manat ýok bolsa, dollaryňy zor bilen döwlet kursy bilen çalyşdyrýarlar. Başga ýol ýok. Üstesine, synagyň hakykatdanam geçirilýändigine hem şübhe bar” diýip, türkmenistanly bu ýagdaýdan nägile bolandygyny aýtdy.

Bütindünýä saglyk guramasy 2020-nji ýylyň martynda başlanan COVID-19 pandemiýasy soňlandy diýip, 2023-nji ýylyň maýynda yglan etdi. Gurama şonda COVID-19 infeksiýasynyň mundan beýläk halkara derejesindäki ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý däldigini habar berdi.

Şondan bäri dünýäde howply hasaplanmaýan koronawirus testleriniň saklanyp galmagynyň sebäpleri barada ýurduň saglyk resmilerinden düşündiriş alyp bolmady.

Türkmen hökümeti ýurduň giňişliginde ýekeje-de kesellän adamyň hasaba alynmandygyny resmi derejede öňe sürdi. Ýöne Azatlygyň ýurduň saglyk pudagyndaky ygtybarly çeşmeleri ýurtda koronawirusdan azyndan 25 müň adamyň ölendigini habar berdiler. Çeşmäniň 2021-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda beren maglumatyna görä, diňe 2020-nji ýylyň fewral aýyndan başlap agzalan döwre çenli Türkmenistanda koronawirus sebäpli 25 müňden gowrak adamyň ölendigi hasaba alnypdyr.

Türkmen resmileri bu maglumaty ne tassykladylar, ne-de ret etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *