Azatlygyň çeşmeleri Aşgabada Täze ýyla gabat çagyrylýan daşary ýurt aýdymçylarynyň konsertleriniň, ol konsertlere baran raýatlaryň edýän gürrüňleriniň eli ýuka maşgalalaryň çagalarynyň baýramçylyk günlerinde we soňra has kemsinmegine, özlerini ‘gaty garyp’ duýmagyna sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Aşgabatly çeşme daşary ýurtly bagşylaryň Täze ýyla gabat guralýan konsertleriniň ene-atalary hem kyn ýagdaýa salýandygyny, olaryň käbiriniň çagalarynyň göwnüni ýykmajak bolup, karz alyp, her ýyl bergi-borja girýändigini gürrüň berdi. Читать дальше...
COVID-19 bilen kesellänleriň öz giňişliginde düýpden bolmandygyny öňe süren tas ýeke-täk ýurt hasaplanýan Türkmenistan global pandemiýanyň ýatyrylanyna 2,5 ýyldan gowrak wagt geçen hem bolsa, daşary ýurtlardan gelenlerden koronawirus barlagyndan geçmegi talap etmegini dowam etdirýär. Emma Aşgabadyň halkara aeroportunda birnäçe ýyl bäri saklanýan bu barlag üçin alynýan töleg ýokarlanypdyr. Ýurduň daşyndan gelenlerde koronawirusy anyklamak boýunça aeroportda geçirilýän barlaglaryň bahasy häzir 100 manat boldy, mundan öň 62 manatdy. Читать дальше...
Wenesuelanyň wezipesinden gyrakladylan lideri Nikolas Maduro we onuň aýaly Siliýa Flores, 3-nji ýanwarda geçirilen ABŞ operasiýasynda tussag edileninden soň, 5-nji ýanwarda Nýu-Ýorkdaky federal kazynyň soraglaryna ilkinji gezek jogap berdi. Federal kazy Madurony, onuň aýalyny we başga-da dört adamy biraz öň "narkoterrorizm" we kokain import etmek üçin dil düwüşmek ýaly, jenaýat kodeksiniň dört maddasynda aýyplapdy. Aýyplamanyň üçünji we dördünji maddalar ýarag ulanmak we saklamak bilen baglanyşykly. Читать дальше...
Eýrandaky protestlerde azyndan 20 adam öldi diýip, HRANA, Eýranyň adam hukuklary guramasy, "Adam hukuklary aktiwistleriniň habar agentligi" habar berýär. Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatlaryna görä, ölenleriň biri hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri bilen baglanyşykly ýagdaýda heläk bolupdyr. 51 adam ýaralandy, olaryň köpüsi ok we rezin gülleleriň degmegi netijesinde ejir çekdi. Protestçileriň azyndan 990-sy tussag edildi. Adam hukuklaryny goraýjylar tussag edilenleriň hakyky sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigine ynanýarlar. Читать дальше...