Добавить новость
World News in Turkmen
Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Raýatlar režimiň 'düýp maksadyny' barha köp sorag astyna alýar

Goňşy Eýrandaky dartgynly ýagdaýlaryň fonunda, dünýädäki nebit-gaz aladalarynyň ýokarlanmagy bilen, türkmen häkimiýetleriniň derhal hytaý hyzmatdaşlygyny ýokarlandyryp, ýurt içindäki "asuda asman" we şahsyýet kulty propagandasyny güýçlendirmegi ilat arasyndaky nägile, gaharly gürrüňleriň has köpelmegine getirýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Türkmenistanda otuz ýyldan gowrak wagt bäri dowam etdirilýän şahsyýet kulty wagzy, ilaty halys eden ykdysady kynçylyklar we işli, okuwly adamlaryň ýakasyny goýbermeýän mejbury çäreler adamlarda “Türkmen döwletiniň we režiminiň düýp maksady näme?” diýen temadaky diskussiýalaryň we pikir alyşmalaryň barha kän döremegine getirýär diýip, biri-birinden habarsyz çeşmeler habar berýär.
Habarçylarymyz bilen gürrüňdeş bolan ýerli intelligensiýa wekilleri, ykdysady we syýasy bilermenler bu sowaly soňky bir aýyň dowamynda öňki ýyllardaka garanda has köp eşidendiklerini we onuň özlerini köp pikirlenmäge mejbur edendigini aýtdylar.
“Türkmen döwletiniň we režiminiň düýp maksady näme?”“Söz, metbugat azatlygynyň berk gysylmagy ekspertleriň, öz pikirini aýtjak adamlaryň azalmagyna getirjek ýaly. Ýöne soňky aýlarda pikiri aýdýan adamlary diňläp, ýapyklygyň il içinde has köp ekspert döredýändigini, durmuş kynçylyklarynyň adamlary jogap gözlemäge itekleýändigini görýärin” diýip, bir ykdysatçy aýtdy.


Onuň tassyklamagyna görä, "türkmen döwletiniň we režiminiň düýp maksady ýurtda ykdysadyýeti ýa-da maliýe ulgamyny hiç bolmasa režimiň özi üçin ösdürmek ýa-da utgaşdyrmak däl” diýýän adamlar görnetin köpeldi.
Bu pikirdäki adamlar “hökümet şahsyýet kultuna ýapyşyp, ýapyklyk we ýasama bagtyýarlyk propagandasyny dowam etdirmekden başga zada ukyply däl” diýýärler.
"Mundan 25-30 ýyl öň türkmen häkimiýetleriniň üzňelik, ýapyklyk syýasaty, Nyýazowyň şahsyýet kulty ilkinji prezidentiň režimini saklap galmagyň guraly hökmünde ulanylan bolsa, Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty, has-da kiçi Berdimuhamedowyň ýurtdaky durmuş reallyklaryndan doly diýen ýaly üzňe bolmagy, ilatyň hiç bir meselesini agzamazlygy režimiň düýp maksadynyň diňe üzňelik, gözçykgynç şahsyýet kulty we akla sygmajak ýalan bagtyýarlyk bolup durýandygyny yşarat edýär" diýip, ýerli intelligensiýa wekili öz pikirini aýtdy.
Bu pikir bilen aýry-aýrylykda gürleşen ykdysatçylar hem ylalaşdy.
"Asuda asman" propagandasy gural däl, ýeke-täk maksat bolmasyn?"Dogrusy, öňler ‘türkmen häkimiýetleriniň maksady ogurlyk, korrupsiýa, eden-etdilik bolup, şol maksada ýetmek üçin ýasama bagtyýarlyk propagandasy, şahsyýet kulty we üzňelik syýasaty ulanylýar’ diýen düşünje ýörgünlidi. Emma türkmen häkimiýetleriniň soňky geosyýasy aladalaryň we ykdysady kynçylyklaryň fonundaky hereketleri, ilatyň derwaýys meselelerini düýpden gozgamazlygy synçylarda şahsyýet kultunyň, üzňeligiň we "asuda asman" propagandasynyň gural däl-de, ýeke-täk maksat we many bolup durýandygy barada garaýyşlary döretdi” diýip, habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen ykdysatçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, türkmen režiminiň soňky hereketleri ‘dünýäniň beýleki diýdimzor, totalitar we awtoritar režimleriň fonunda hem akyla sygmajak we eksentrik bolup görünýär’.
Dünýäniň Demirgazyk Koreýa, Sudan, Kuba ýaly ýapyk döwletleri hem, öz režimleriniň ömrüni uzaltmak üçin, käbir ykdysady we sosial reformalary durmuşa geçirmäge çalyşýar, olar koronawirus pandemiýasy, energiýa we azyk ýetmezçiligi meseleleri boýunça BMG-niň degişli gulluklary bilen nähilem bolsa aç-açan we durmuş reallyklaryny boýun alýan terzde gepleşik geçirýär diýip, Azatlyk bilen gürleşen aşgabatly ykdysatçy aýtdy.


Onuň pikiriçe, režimler şeýdip, nähilem bolsa, öz ömrüni uzaltmaga, şol bir wagtda-da bikanun baýlyk toplamagy dowam etdirmäge çalyşýarlar. Emma türkmen häkimiýetlerinde hatda “şol öňdengörüjilik hem ýok bolarly".
Durmuşdan üzňelik bizi beýleki awtoritar režimlerden 'tapawutlandyrýar'Sebitleriň birinde ýaşaýan ykdysatçynyň pikirine görä, "türkmen häkimiýetleriniň hakyky durmuşdan doly diýen ýaly üzňeleşmegi olary dünýäniň beýleki nebit-gaza baý, awtoritar režimlerinden düýpgöter tapawutlandyrýar.
“Pars aýlagynyň nebit-gaza baý döwletleri, Azerbaýjan we hatda diýdimzor Russiýa hem öz syýasy-ykdysady bähbitlerini, köplenç dolandyryjy toparlaryň şahsy peýdasyny göz öňünde tutup, ol ýa-da beýleki görnüşde pragmatik we durmuş reallyklaryny boýun alýan syýasat alyp barýar. Olar syýasy taýdan baryp ýatan awtoritar režimler bolsalar-da, ykdysady we sosial meselelerde belli bir derejede aýdyňlygy saklap galýarlar" diýip, maryly ykdysatçy aýtdy.
Onuň pikiriçe, türkmen häkimiýetleriniň pikirlenişine beýleki tebigy baýlyklara baý, juda awtoritar döwletleriň fonunda hem düşünmek kyn, ‘biziňkiler gaty geň’ görünýär.
Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen intellektuallaryň birnäçesi türkmen häkimiýetleriniň alyp barýan syýasatynyň belli bir wagtda ulanylmaly gural däl-de, ‘many we mazmun bolup durýandygyny’ öňe sürdi we beýle ýagdaýdaky döwletiň gelejeginiň örän gümürtikligini belledi.
"Bu akyla sygmajak zat. Garaşsyzlygyň 35-nji ýylynda ýurtda häli-häzire çenli egri-gyşyk bolsa-da, ýöne işläp biläýjek ýekeje pudak ýa gurama ýok, döwlet we hökümet institutlarynyň hiç biri kemala gelmedi. Goňşulykdaky postsowet, awtoritar režimlerden tapawutlylykda, Türkmenistanda 35 ýylda ne azat bazar ykdysadyýeti, ne-de döwlet kapitalizmi, ne-de başga bir ykdysady ulgam döredi, nähilem bolsa kadaly işleýär diýip boljak hiç ugur ýok” diýip, aşgabatly intellektual aýtdy.
Azatlygyň habarçylary bu meseleler boýunça resmi düşündiriş alyp bilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media






Топ новостей на этот час

Rss.plus





СМИ24.net — правдивые новости, непрерывно 24/7 на русском языке с ежеминутным обновлением *