US President Donald Trump and Chinese leader Xi Jinping will now meet in Beijing in mid-May for a rescheduled summit. Dennis Wilder, a former China adviser to former presidents George W. Bush and Barack Obama, explains how the war in Iran is affecting ties between Beijing and Washington.
Goňşy Eýrandaky dartgynly ýagdaýlaryň fonunda, dünýädäki nebit-gaz aladalarynyň ýokarlanmagy bilen, türkmen häkimiýetleriniň derhal hytaý hyzmatdaşlygyny ýokarlandyryp, ýurt içindäki "asuda asman" we şahsyýet kulty propagandasyny güýçlendirmegi ilat arasyndaky nägile, gaharly gürrüňleriň has köpelmegine getirýär diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär. Türkmenistanda otuz ýyldan gowrak wagt bäri dowam etdirilýän şahsyýet kulty wagzy, ilaty halys eden ykdysady kynçylyklar we işli, okuwly adamlaryň... Читать дальше...
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp özüniň “Eýranyň nebitini almak” isleýändigini, mümkin bolsa Harg adasyny hem ele geçirmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Şol bir wagtda, ol Waşingtonyň Eýran bilen gepleşiklerde “örän gowy” ilerleýändigni we parahatçylyk ylalaşygynyň “ýakyn wagtda” gazanyljagyna “örän ynamlydygyny” belledi. Tährana garşy haýbatlar bilen parahatçylyk ylalaşygynyň mümkinçiliginiň utgaşmagy 29-njy martda giçik Financial Times neşirinde çap edilen söhbetdeşlikde, şeýle hem ondan bir sagat... Читать дальше...
Pakistanyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar ýurduň “ýakyn wagtda” ABŞ bilen Eýranyň arasynda parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge taýýarlanýandygyny aýtdy diýip, "Roýters" ýazýar. Şol bir wagtda, ABŞ bilen Eýranyň bu gepleşiklere gatnaşmaga razy bolup-bolmandygy heniz belli däl. Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şarif mundan öň 28-nji mart güni irden, Yslamabatdaky gepleşiklere taýýarlygyň çäginde, öz "dogany, Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefonda bir sagatdan gowrak jikme-jik gürrüň edendigini" aýtdy. Читать дальше...
Türkmenabadyň ýokary okuw jaýynda studentler mugallymlaryň özlerini kemsitmelere sezewar edýändigini ruhy we fiziki zorluga ýol berýändigini aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň birnäçe studenti bilen söhbetdeş bolup, ýagdaýy anyklady. "Mugallym yzygiderli kemsidýär, gygyryp basyş edýär we käbir ýagdaýlarda urýar. Studentleriň ýolbaşçylara edýän arzlary netijesiz galýar" diýip, student 28-njy martda gürrüň berdi. Institutyň himiýa... Читать дальше...
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi diýip, türkmen DIM-i 27-nji martda anyklaşdyrman habar berdi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Habarda maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berlendigi bellenýär.
Orsýetiň Ust-Luga gezekli işçiler şäherçesinde bolan köpçülikleýin içerki çaknyşykdan soň, Gazagystanyň raýatlary tussag edildi. Olaryň bir bölegine 10 gije-gündizlik tussaglyk hökümi çykaryldy, ýene üç sanysy bolsa derňew astynda galýar. Gazagystanyň Sankt-Peterburgdaky Baş konsullygynyň maglumatyna görä, diplomatlar 28-nji martda gazak raýatlary, şol sanda tussag edilenler bilen duşuşdylar. Bu wakadan soň dürli ýurtlardan bolan 30-dan gowrak adam tussag edildi, ýöne köpüsi tiz boşadyldy. Diplomatik missiýanyň maglumatyna görä... Читать дальше...
ABŞ-nyň kenar goragçylary Russivanyň “Anatoliý Kolodkin” tankerini saklamady. Ol häzi ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň girizen energiýa embargosynyň astynda bolan Kuba 730,000 barrel nebit alyp barýardy. AP habar agentligi bu gäminiň 31-nji martda Kubanyň Matanas portuna gelmegine garaşylýandygyny habar berdi. “The New York Times” gazeti bir gün öň ABŞ-nyň Kenarýaka gorag gullugynyň gözegçilik gämileriniň rus tankerini saklamak buýrugyny almandygyny habar berdi. Orsýetiň Kuba nebit we ýangyç ýüklenen... Читать дальше...